Hozly miweleriň ähmiýeti

Eziz diýarymyzyň bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň esasy görnüşleriniň biri-de hozly miweler bolup durýar. Hozly miwelerden grek hozy, badam we pisse ýetişdirilýär. Hozly miweleriň ähmiýeti köptaraplaýyn bolup, olar dürli maksatlar üçin giňişleýin peýdalanylýar, ilatyň oňa bolan islegi-de ýylsaýyn artýar. Çünki hozly miweleriň gymmatly düzümi ýokumly birleşmeleriň, minerallaryň özboluşly ammarydyr.

Grek hozy – düzümi boýunça dürli ýokumly birleşmelere baý bolup, 32,5-77% çenli ýaglary, 9-21% beloklary, 7% çenli uglewodlary, A, B, E we P ýaly witaminleri saklaýar. Hozuň maňzy ter görnüşinde hem-de gyzdyrylan görnüşinde azyklyk hökmünde, konditer önümçiliginde, dürli tagamlary taýýarlamakda, şeýle-de hoz ýagyny almakda peýdalanylýar.

Pisse – dünýä ýüzünde köpçülikleýin ulanylýan hozly miwedir. Ol tagamly bolup, düzüminde 42-65% ýag, 9% şeker, dürli peýdaly witaminleri, mineral birleşmeleri saklaýar. Pisse miwesi terligine, duzlanan, guradylan görnüşde azyklyk hökmünde peýdalanylýar. Pisseden alynýan ýag özüniň hili, tagamy boýunça ýokumly ýaglaryň biri bolan zeýtun ýagyndan pesde durmaýar.

Badam – ýurdumyzyň çäklerinde az derejede ýaýran miweli agaç bolup durýar. Badam miwesi gymmatlyk iýmit bolup, onda ynsan bedeni üçin talap edilýän gündelik ýokumly elementleriň, minerallaryň köp mukdary jemlenendir. Badamyň maňzynyň düzüminde 62% çenli badam ýagy we 21% çenli mukdarda beloklar toplanandyr. Azyklyk ähmiýeti boýunça grek hozy bilen deň bolup, ter, guradylan görnüşde ulanylýar. Konditer önümçiliginde we gymmatly badam ýagyny almakda ýaramlydyr. Bular bilen bir hatarda badam miwesinden derman serişdeleri hem ýasalýar, parfýumeriýa senagatynyň hem zerur çig maly bolup durýar. Miwesiniň gabygyndan özüne zyýanly gazlary siňdiriji kömür alynýar, agajyndan hem gymmatly mebeller taýýarlanýar.

Babajan ABDULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok