Birnäçe güýçli kompýuterleriň utgaşmasy netijesinde ýüze çykýan we biri-biri bilen sazlaşykly işleýän superkompýuterler, çözmek üçin köp wagt alýan matematiki meselelerde, fiziki ylymlar bilen baglanyşykly modellerde we adam akylynyň ýetmeýän çylşyrymly hasaplamalarynda ulanylýar. Soňky döwürde kompaniýalar we ýurtlar superkompýuterlere has köp maýa goýup başladylar.
Birnäçe aý mundan ozal öz adyny “Meta” diýip üýtgeden we wirtual älemlere has köp maýa goýup başlan “Facebook” dünýädäki iň çalt superkompýuteriň üstünde işleýär.
Şereketiň esaslandyryjysy Mark Zukerberg, fiziki we sanly dünýäni wirtual we giňeldilen hakykat bilen birleşdirýän metaverse tehnologiýasynyň köp hasaplaýyş güýjüni talap edýändigini aýtdy.
Mark Zukerbergiň pikiriçe, “Meta” şereketi tarapyndan “AI Research SuperCluster (RSC)” diýlip atlandyrylýan superkompýuter eýýäm dünýäde iň çalt bäşinji kompýuterdir.
Hünärmenler bu superkompýuteriň gurluşy dolulygyna diýen ýaly emeli aň ulgamlary bilen ornaşdyrylyp, platformalardaky zyýanly mazmuny kesgitlemäge kömek etjekdigini aýdýarlar.
Gurban GURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler