Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda alabaýyň keşbi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna ýetirmek, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimizi milli baýlyklarymyzy içgin öwrenip ýaş nesillerimize geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredildi. Gadymy döwürlerden bäri, adamlaryň eldekileşdiren jandarlary itler bolupdyr. Türkmen öýi – türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir. Çünki öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir  [Gurbanguly Berdimuhammedow. Türkmen alabaýy. – A.: TDNG, 2019]. Türkmen itleri öýüni hem-de mal sürülerini goramakda, ys alyşda, duýgurlukda ynsana wepaly dost hökmünde howandar bolup gelipdir. “Türkmen alabaýy” atly kitabynda bellemegine görä: “Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän “türkmençiligiň” batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrmasydyr. Ynsan ilki tüm zemine gelende, onuň daşyny her hili jandarlar gurşanmyşyn. Şonda oňa dyýgudaşlygyny bildiren itler bolupdyr diýýärler. Bu bir rowaýat, ýöne rowaýat hem tötänden döremeýär. Batyrlygy, wepalylygy bilen ynsanyň ebedi hemdemine öwrülen alabaý itlerimiz häzirki döwürde hem ynsana ýakyn dostdur” diýip bellemek bilen häzirki wagta çenli biziň milli mirasymyza, medeniýetimize uly sarpa goýulýandygynyň alamatydyr     [Gurbanguly Berdimuhammedow. Türkmen alabaýy. – A.: TDNG, 2019]. Türkmen itleri ilkinji eneolit döwründe eldekileşdirilip başlanypdyr.  Gadymy döwürlerde itiň adaty durmuşda tutýan orny uly bolupdyr. Türkmen alabaýynyň gelip çykyşynyň gadymylygy miladydan öňki V müňýyllyga degişli bolup, Jeýtun, Pessejikdepe, Altyndepe, Ajyguýy, Gäwürgala, Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam ýadygärliklerinden tapylan şekiller muňa aýdyň subutnamadyr. Türkmenistanda çeperçilik döredijilikli başlangyçlar esasynda heýkeller eýýam giçki neolit zamanynda bişen we bişmedik görnüşde toýundan haýwan şekiller duş gelýär.  Köplenç haýwan şekilleri şol döwrüň adamlarynyň totemi (ynanjyny beýan edýän tagma) yrym ynançlary bilen bagly bolupdyr. Haýwan şekiller daşdan we toýundan ýerine ýetirilip, eneolit we bürünç zamanynda heýkeller kä halatda umumylaşdyrlýar ýa-da anyk keşpler bilen görkezilýär. Tapylan tapyndylaryň esasynda, ylmy çeşmeleriň üsti bilen bu maglumatlar ýüze çykaryldy.

Ilkinji tapyndylar Altyndepäniň eneolit, irki we ösen bürünç zamanynyň taryhy gatlaklaryndan iri we ortaça ululykdaky, gysga tumşukly we ägirt uly kelleli itlere degişli süňk bölekleriniň onlarçasy tapylypdyr. Dürli ýyllarda bu ýerlerden tapylan itleriň terrakotadan ýasalan heýkelleridir. Olaryň gulaklarynyň we guýruklarynyň gysgaldylandygy görünýär.

Gadymy Nusaýyň genji-hazynasynlarynyň gaznasyndan ritonlaryň tapylmagy arheologiýada ajaýyp wakalaryň biridir. Ritonlar 1948-nji ýylda tapylyp alymlar tarapyndan ýüze çykarylýar. Riton giň taryhy bolan piliň süňkünden ýasalan şah şekilli içgi içilýän gapdyr. Onuň örän uly taryhy bardyr. Ritonlaryň frizlerinde gündeki durmuşyň sahnalary suratlandyrylypdyr. Nusaý ritonlarynda merdana oguz gerçegi arslan kybap haýbatly, ýasy tumşukly, giň döşli söweşjeň ruhly daýaw itiň boýun bagyndan tutup dur. Taryhçy Öwez Gündogdyýew bu şekildäki itiň Gadymy Gündogarda örän ýokary bahalanandygyny “Nusaý dogunyň” şirlere garşy söweşe goýberilendigini, ölüm howply tutluşyklara ukyply bolandygyny belleýär. Bu şekiller Köne Nusaýyň sungatynyň kämil derejede ösendiginden habar berýär.

Gäwürgaladan tapylan miladydan öňki IV-VII asyrlara degişli terrakotadan ýasalan heýkeljiklerde hakyky çopan itleri şekillendirilipdir. 1982-nji ýylda Hazarekdepe obasyndaky galanyň gowaça meýdanyndan umumylaşdyrylan alabaýyň heýkeljigi tapylypdyr. Lebap welaýatynda Araphanadan aw itiniň heýkelleri ýüze çykarylypdyr. Şähryslamdan tapylan iň täsin zatlaryň biri-de, bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan türkmen alabaý itiniň aýak yzlarydyr. Bu aýak yzlary hem türkmen halysyndaky gölleri bilen deň gelýär.  Meselem “güjük yzy”, “tazy guýruk” ýaly göller öňkiden gelýän türkmen alabaýynyň gündeki durmuşyň aýrylmaz mirasydygyndan habar berýär.

Hazarekdepe, Araphana ýadygärliklerinden it şekilli heýkeljik

1920-nji ýyllarda milli nakgaşçylyk mekdebiniň düýbi tutulmagy bilen ilkjinji nakgaşçylyk eserleri çekilip başlanýar, Sungaty öwrenji Ogulabat Muhatowanyň aýtmagyna görä, 1922-nji ýylda Ý.A.Skoblinanyň “Türkmen zenany bilen alabaý” (1922) (5-nji surat) atly tuş, peroda çekilen işinde türkmeniň alabaýy eýesiniň ýanynda syrdaşy dosty bolup duran görnüşinde şekillendirilipdir. Bu işde grafika sungatynyň özenini görmek bolýar [Ogulabat Muhatowa. Türkmenistanyň milli nakgaşçylyk mekdebiniň ilkinji ädimleri. – A.: TDNG, 2018].

.

Jemal Toryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň“Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň mugallymy.

Aýgül Şöhradowa,

3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok