Türkmenistanda raýat we senagat binalarynyň gurluşyklary bilen bir hatarda gidrotehniki desgalaryň, köprüleriň, suw howdanlarynyň gurluşyklary hem giň gerim bilen alnyp barylýar. Gidrotehniki desgalar hemişe suwly gurşawda işleýändikleri üçin olaryň hiline bildirilýän
talaplar hem ýokarydyr. Gurulýan gurluşyklaryň möçberiniň köpelmegi bilen gurluşyk materiallaryň öndürilişi hem yzygiderli artdyrylýar.
Magnit meýdanynyň suwa düşnüksiz häsiýetleri berýänligini XIII asyrda alhimikler hem aňlapdyrlar. Emma diňe XX asyrda bu hadysa alymlar tarapyndan öwrenilip başlanýar. Soňky ylmy gözlegler, magnit meýdanyndan geçirilen suwuň birnäçe maddalaryň ereýjiligini
artdyrýanlygyny (mysal üçin, kömürturşy magniniň ereýjiligini 120 esse), betonyň doly doňma wagtyny 28 günden 7 güne çenli azaldýanlygyny, betonyň berkligini 45% artdyrýanlygyny we sementiň mukdaryny 15-20% tygşytlaýandygyny anyklanyldy.
Önümçilik barlagynyň netijesinde, magnitlendirilen suw bilen taýýarlanan beton önümleri, adaty usulda taýýarlanan beton önümleriň berklik derejesi bilen deňeşdirilende, magnitlenen suw sement garyndyly erginleriniň çalt gatamaklyk derejesine we betonyň berkligini ýokarlandyrmakda edýän täsiri bilen düýpli tapawutlanýar.
Tejribeli hünärmenleriň pikiriçe, bu oňyn täsir suwuň düzümindäki erän gazlaryň konsentrasiýasynyň üýtgeýändigi, mineral zireleriniň ýelmeşijiliginiň 2-4 esse artýanlygy geçirilen ylmy – barlag işleriň netijesi görkezýär.
Suw ulgamlaryny magnitlendirmek halk hojalygynyň energetika, himiýa senagaty (mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak), oba hojalygy (oba hojalyk ekinleri suwarylan we şorlaşan ýerleriň şory ýuwlan wagtynda, dürli ekinleriň tohumlary ekişden öň işlenende) ýaly pudaklarynda giňden peýdalanylýar.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallymy
Teswirler