Okapi jandarlary – ýer ýüzünde seýrek duşýan okapi urugynyň ýeke-täk goşatoýnakly görnüşidir. Latynça ady “Okapia Johnstoni” bolup, gurluş aýratynlyklary bilen žiraflara, şeýle-de bedeniniň käbir böleklerinde zolaklarynyň barlygy bilen zebralara çalym edýär. Ylmy maglumatlara görä, okapiler daşky keşbi bilen žiraflaryň gadymy ata-babalaryna has-da çalym edýär. Başgaça ady “Jonstonyň okapi” jandary bolup, bu at oňa iňlis syýahatçysy Garri Jonstonyň hormatyna berildi. Ýagny bu näbelli haýwan hakyndaky ilkinji maglumatlar XX asyrda ýüze çykarylyp, Kongo tokaýlarynda syýahatçy G.Stenli şeýle jandaryň bardygy hakda düşündiriş bermäge çalşypdyr. Birnäçe wagtdan soň G.Jonston Stenliniň gözleglerini gaýtadan barlamak maksady bilen, bu jandar hakdaky maglumatlary toplady we oňa “okapi” adyny berdi. 1900-nji ýylda ýurtda çapdan çykan täze neşirde täsin jandaryň ady “Jonstonyň okapisi” ady bilen neşir edildi. Okapiniň daşky tüý örtügi ýalpyldawuk öwüşginli gyzyl reňklidir. Aýaklaryndaky tüý örtügi açyk goňur reňkli, bedeniniň yzky bölegi hem-de aýaklarynda zolaklary bar. Erkek okapileriň her ýyl täzelenip durýan gysga şahy bar. Okapileriň ortaça agramy 250 kg deň bolup, beden uzynlygy 2 metr, guýrugynyň uzynlygy 30-40 sm, boýy 150-170 sm töweregidir. Esasy bellemeli aýratynlyklarynyň biri-de olaryň dilidir, ýagny okapileriň örän uzyn, çeýe dili bolup, hatda şeýle dili bilen gözlerine düşen del bedenleri hem aýryp bilýärler. Bu täsin jandarlaryň esasy ýaýran ýeri Kongo döwletiniň çäkleridir. Ol ýurduň demirgazyk we gündogaryndaky tropiki tokaýlarda ýaşaýar. Şeýle-de Salonga, Maiko, Wirunga ýaly goraghanalarynda goralyp saklanýar. Tebigy ýagdaýda okapileriň sany o diýen köp däl, çünki olaryň birugsat awlanylmagy olaryň sanyny belli bir derejede azaltdy. Beýleki dünýä ýurtlarynyň çägindäki goraghanalarynda olaryň jemi 160 töweregi goralýar. Žiraflar ýaly okapiler hem uzyn hem-de çeýe dilleri bilen agaç ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Emma žiraflar bilen deňeşdirilende boýunyň gysgalygy sebäpli pes boýly agaç ýapraklary iýmek bilen oňňut edýärler. Bulardan başga-da olar miweleri, kömelekleri hem iýýärler. Okapiler ýekelikde ýaşamak bilen, esasan gündizine işjeň bolýarlar. Häsiýetli aýratynlyklary boýunça täsin daşky keşbe eýe bolan okapiler janly tebigatyň özboluşly bezegidir.
Muhammet DÖWRANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler