“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen “Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan. Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!” atly dabaranyň çäginde ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň asyl nusgalary, milli sungatymyzyň halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk, demir ussaçylyk we netjarçylyk ýaly ajaýyp görnüşleri hem-de şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn hünärleri boýunça döredilen işler giňden görkezildi.
Sergide görkezilen ugurlar boýunça adamzadyň oýlap tapan, yzygiderli kämilleşdiren gymmatlyklaryň biri kitap we hatdatlyk sungaty bilen baglanyşykly işler aýratyn tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki kitap – akylyň jemlenip, köpçülik bilen aragatnaşyk saklap bilýän iň gadymy serişdeleriniň biri bolup durýar. Kitabyň we kitap bezeginiň ösüş taryhy biri-birinden aýrylmazdyr. Suratkeş diňe bir sahypanyň taslamasyny düzmek bilen däl, eýsem, harplaryň şekiliniň özüne mahsus bolan häsiýetlerini hem düzýär. Kitap illýustrasiýasy bolsa, grafika sungatyň bir görnüşi bolup, özüniň uly taryhy bilen baýdyr. Köp asyrlaryň dowamynda grafika sungatynyň öňünde birnäçe çözülmeli meseleler hem bardyr. Bu meseleler belli bir döwrüň pikirleri bilen, halkyň ösüşi we döwrüň çeperçilik stili bilen baglydyr. Çeper edebiýat bütin asyry şöhlelendirýär. Şu ýerden hem biziň döwrümizde kitaplaryň çeper bezegine aýratyn üns berilýär. Bularyň hemmesi häzirki döwürde möhüm işdir. Sebäbi kitap diňe bir terbiýeleýji ähmiýetine eýe bolman, eýsem, kitap sungaty halka ýaýradyjy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda pähim-paýhasa ýugrulan setirlerinde şeýle bellenilýär: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda dünýä kitaba öwrülmek üçin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”.
Kitap bezeg sungatynyň görnüşleriniň ajaýyp nusgalaryny öz içine alan türkmеnlеriň musulmançylyk döwründе ýazylan kitaplarynyň hem gymmaty medeni mirasly hazynamyzyň içindе möhüm orny bardyr. Kitabyň özeni ussat hatdatlaryň elinden çykan ,“Hat sungatyndan” emele gelýär. Günbatarda “Hat sungatyny” “Kalligrafiýa” sungaty diýip atlandyrypdyrlar. Kitabyň hatlarynyň, ýazgylarynyň içine belli bir ýeriniň has anyk düşündürilmesi edilip “nakyş” diýip atlandyrylan suratlar çekilipdir. Golýazma kitaplaryň içinde çekilen suratlara berlen, “miniatýura” sözi italýança miniatýura sözünden gelip çykypdyr. Gadymy döwürdе kitap ýazylyp taýýarlanylanyndan soňra tеzhiplеr hеm-dе suratlar çеkilipdir.
Kalligrafiýa – hatdatlyk sungaty düzgüne laýyk, owadan ýazmak ussatlygy bolup grekçe “kallos”- gözel, “graphia” – ýazgy, ýagny gözel, owadan ýazgy diýmegi aňladýar. Dünýäniň dürli milletleriniň aýratyn medeniýeti bilen bilelikde kalligrafiýa sungaty hem dürli-dürlidir. Dünýäniň meşhur kalligrafiýa sungatyndan arap, hytaý, ýapon, hindi, hem-de grek kalligrafiýasyny agzamak bolar. Kalligrafiýa sungaty sadadan owadanlygy bilen bir hatarda, özüniň filosofiki pikirleri bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi, ol gysga emma örän manyly ýazylýar. Her bir hatar we nokat, forma we dyngy, harplaryň aralygy, boşlugy hem köp many beripdir. Kalligrafiýanyň esasy däbi onuň ak kagyzyň ýüzüne gara syýa bilen örän owadan we nepis hat ýazylmagy bolupdyr.
Kitabyň çeper bezeginde illýustrasiýa hem wajyp we güýçli serişdedir. Ol eseri baýlaşdyrmaga ukyplydyr. Bu diňe bir illýustratoryň ussatlygyndan däl-de, eýsem eseriň mazmunyndaky wakalardan has gyzyklysyny saýlap almakdan we suratkeşiň dünýägaraýşy bilen bagly bolup durýar. Gowy eseri ussatlyk bilen suratlandyrmak mümkin. Çeperçilik taýdan bezegli suratlarda suratkeşiň eseriň ýordumyna, gahrymanlaryna, durmuşa we hereketlerine bolan aýratyn garaýşy bardyr. Her bir suratkeş, her bir aýratyn ýagdaýda kitabyň žanryna we mazmunyna baglylykda dürli usullara ýüz tutýar. Kitabyň çeperçilik dili bolsa öz indiwidual özboluşlygyny we umumylygyny saklamakda örän çeýe we baý bolup bilýär. Edebiýatyň žanrlarynyň dürliligi bize suratlaryň hem dürliligi hakynda habar berýär. Çeperçilik çözgütleriň biri portret toplumy bolup, okyja bu portretleri görüp eserdäki gahrymanlara, olaryň häsiýeti, durmuşy hakynda beýan edilýändigine has gowy düşünmekligine ýardam berýär. Liriki goşgular ýygyndysyna ýüz tutulanda bolsa, mazmun şahyranalyk nyşanlaryň üsti bilen görkezilýär. Bu ýerde esasy mesele diňe kitabyň mazmunyny açyp görkezmek däl-de, okyjynyň gerekli şähtini hem açmak zerurdyr. Taryhy romanyň suratlaryny ýerine ýetirmekde hem şol eserde beýan edilen degişli döwri derňemek hökmandyr. Her bir bölekleri, wagtyň aýratynlyklaryny anyk bilmek zerurdyr. Taryhy romanlaryň illýustratorlary köplenç uly möçberli monumental taslamalary saýlap alýarlar. Eger-de okyjy eseriň gahrymany bilen tanyş bolup, ony özüçe göz öňüne getirýän we görýän bolsa, bu suratkeşiň esasy kynçylygy bolup durýar. Esasan hem biziň durmuşymyza dost we tanyş hökmünde giren edebiýat gahrymanlaryna degişlidir.
Grafikanyň esasy tapawutlylygy, suratkeş öz oý-pikirini, içki dünýägaraýşyny ýönekeýje çyzygyň kömegi bilen adamyň duýgusyny, şatlygyny, näzikligini, söýgüsini açyp bilýär. Netijede, suratkeş döredýän eseriniň janly beýanyny tapýar we tomaşaça giňişleýin düşündirýär. Haçan-da, suratkeş diňe şeýle ýagdaýda eser döredende, onuň çeper döredijiligi baky ýaşap, öz gymmatyny ýitirmeýär. Bu ugurda okaýan “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň talyplarynyň her biriniň özboluşly döredijilik ýoly bar. Olaryň döredýän çeper eserlerinde filosofiki mazmunly keşpler ýaş suratkeşlerimiziň gözýetimleriniň giňligini aňladýar. Talyplar grafikanyň dürli tehnikalarynda häzirki döwrümiziň parahat, asuda durmuşyny hem-de dünýädäki özgerişikleri wasp edýärler. Olar öz eserlerinde türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, gadymdan gelýän mirasyny, şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserlerinde beýan edilýän wepalylygy, Watana bolan söýgüniň waspyny gahrymanlaryň keşplerinde tämiz duýgularyň güýji bilen beýan edýäler.
.
AÝJAN KADYROWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri.
Teswirler