Owadan kameliýa güli

Gözel tebigatyň bezegi bolan owadan kameliýa güli – ýapon dilinde “dagda bitýän çaý” diýmekligi aňladýar, ýagny kameliýa ýabany görnüşde daglyk sebitlerde gyrymsy agaç görnüşde ösýär. Gülleýän döwri kameliýa gaýtalanmajak aýratyn gözellige eýe bolmak bilen mydama gök öwüsýär, gyrymsy agaç şekilli baldaklary açyk gyzyl, gülgüne, gyzyl reňkli güller bilen örtülýär. Ilkibaşda diňe Flippin adalarynda ösen bu gül 1738-nji ýylda monah I.Kamel tarapyndan ýüze çykarylyp, Ýewropa getirilipdir we bu gül şonuň hormatyna kameliýa adyny alypdyr. Ýewropa getirilenden soňra ilkibada hususy ýer eýelerine satylypdyr hem-de ýyladyşhanalarda ösdüripdirler. Soňlugy bilen ýewropaly bagbanlar onuň dürli sortlaryny döredipdirler. XVIII asyryň ahyrlarynda bu ajaýyp gül Günbatar ýurtlarynyň hem ençemesine ýaýrapdyr. Häzirki wagtda Ýewropa ýurtlaryndan Italiýanyň demirgazyk böleginde kameliýa güli giňişleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ajaýyp kameliýa gülleri bilen örtülen tebigatyň haýran galdyryjy keşbini synlamak bolýar. Şeýle-de kameliýa güli Ýaponiýada aýratyn sarpalanýar, ol ýerli ýaşaýjylar tarapyndan “uzak ömrüň” nyşany hökmünde görülýär. Bu ýerde onuň 82 töweregi görnüşi hasaba alnan. 1921-nji ýerde hasaba alnan “957” belgili asteroide hem kameliýa ady berildi. Bu at tapylan asteroidiň üýtgeşik daşky görnüşe eýedigi üçin berlipdir. Bu bolsa kameliýa gülüniň ajaýyň gözelligi bilen baglanyşyklydyr. Gülleriniň reňki we ululygy görnüşine, sort aýratynlygyna bagly, gülleriniň diametri adatça 4-10 sm aralygynda, gül ýapraklarynyň ululygy 50 sm çenli ýetýär.

Kameliýa güli diňe bir özüniň ajaýyp daşky görnüşi üçin bezeg hökmünde peýdalanylman, eýsem ondan ýag hem alynýar we oňa “kameliýa ýagy” diýilýär. Maglumatlara görä, Gündogar ýurtlarynyň käbirinde ol 1000 ýyldan hem gowrak wagt bäri ulanylyp gelinýär. Irki wagtda hem bolşy ýaly, häzirki döwürde hem kameliýa güli dermanlyk, kosmetiki serişde, azyklyk hökmünde we parfumeriýa önümçiliginde ulanylýar.

Läle ÝEDIGAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok