Kolibri guşy hakynda täsirli faktlar

  • Ýer ýüzünde kolibri guşunyň 300 töweregi görnüşi bellidir.
  • Kolibri guşy öňe, yza we gapdala uçup bilýän ýeke-täk guş.
  • Iň kiçi kolibri guşunyň agramy 2 gram, ululygy 7 sm bolup, äpet kolibri guşunyňky bolsa 20 gram, ululygy 21 sm deňdir.
  • Käbir görnüşlerinde uzynlygy bedeniniň ululygyna deň bolan berk hem çeýe çüňki bolýar.
  • Kolibri guşy köp ýaşaýandygy bilen hem tapawutlanýar, ýagny ortaça 9 ýyl bolup, emma iň köp ýaşaýyş dowamlylygy bilen hasaba alnan kolibri guşunyň ýaşy 17 ýyldyr.
  • Agramynyň örän kiçidigine garamazdan bu guş örän güýçlidigi bilen tanalýar. Aýratyn hem onuň öz çagalaryny ýyrtyjylardan goraýşy diýseň täsirlidir.
  • Kolibri örän çalt uçýanlygy bilen hem belli, ýagny uçuş tizligi sagatda 80-90 km deňdir.
  • Ýürek urşy hem çalt bolup, minutda 1200 gezek, ömrüniň dowamynda bolsa 4,5 mlrd gezek urýar.
  • Kolibri diňe howada wagty iýmitlenýär.
  • Örän hereketjeň guş bolan kolibri ganatyny sekuntda 100 gezek kakmaga ukyplydyr.
  • Çigin bogny örän çeýe bolup, hatda 180 gradus aýlaw etmäge hem ukyplydyr.
  • Beden temperaturasy 39-40 dereje bolan kolibri guşy öz agramyndan hem köp mukdarda iýmitlenmeli bolýar. Eger ýeterlik iýmiti kabul etmese bedenindäki madda çalşygy peselip, wagtlaýynça işjeňligi togtaýar, hatda ýürek urşy minutda 50 gezege çenli peselýär. Şol sebäpli-de her 10-20 minutdan iýmitlenýär.
  • Iýmit arkaly kabul edýän ýokumly maddalarynyň, esasan hem uglewodlaryň 100 göterimi ganat myşsalarynyň ýygrylyp-ýazylmagyna harçlanýar.
  • Tobago adasynyň döwlet tugrasynda kolibri guşunyň şekili ýerleşdirilendir.
  • Kolibri guşlarynyň uzak aralyga uçýan görnüşi-de bar. Şeýle görnüşi arhilohus diýlip atlandyrylýar. Bu görnüş her ýyl meksikan aýlagynyň üstünden takmynan 800 km aralygy uçup geçýär. Şeýle uzak aralygy geçmek üçin oňa bedeninde toplanan ýag energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Laçyn DURDYLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok