Kagyz kim tarapyndan, haçan we nädip oýlanyp tapyldy?

Häzirki wagtda sanly dünýäniň diýseň çalt ösmegi bilen kagyzyň ýerini ýuwaş-ýuwaşdan sanly tehnologiýalar tutmaga başlady. Şeýle-de bolsa ilkinji kagyzyň kim tarapyndan haçan we nädip oýlanyp tapylandygy hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ilkinji ýazgylar gowagyň diwarlaryna oýulyp ýazylypdyr. Şol döwürde ýazgylar haýwan derilerine, süňklerine we daşlaryň ýüzüne ýazylypdyr. Biziň eramyzyň 398-nji we 445-nji ýyllary aralygynda ýaşap geçen ilkinji taryhçylardan biri bolan hytaýly Fan Huanyň sözlerine görä, miladydan öňki 105-nji ýylda Ts’ai Lun atly köşk işgäri Hytaýyň Gündogar Han dinastiýasynyň imperatory Hedi üçin kagyzy oýlap tapypdyr. Emma Hytaýyň we Tibetiň günbataryndaky arheologiki tapyndylar ilkinji kagyzyň bu wakadan ýüzlerçe ýyl ozal ýasalandygyny görkezýär.

Kagyzyň iň irki yzlary Tibetde, Dunhuang we Hotan şäherleri bilen taryhy Ýüpek ýolunda ýüze çykypdyr. Tapyndylar miladydan öňki 200-nji ýyllary görkezýär. Sebitiň howasy sebäpli bu kagyzlar müňlerçe ýyl bäri üýtgemän gelýär. Aslynda, olaryň käbirinde syýa hem tapyldy.

Hytaýlylar ilkinji kagyzy kenep süýüminden, bambuk taýajyklaryndan, guradylan hamyr bölejiklerinden kagyz öndürmegi başarypdyrlar. Hytaý hemişe Aziýada agdyklyk edýän ýurtlaryň biri bolansoň, 500-nji ýyllara çenli kagyz bu yklymda çalt ýaýrady.

Maksat BAÝRAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok