Ýurdumyzda ösüşiň häzirki tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşy nazarlaýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda täze ugurlaryň döreýändigi bilen häsiýetlenýär.
Milli Liderimiz: “Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr” – diýip, bellemek bilen bilimsiz öýüň otsuz ojak ýalydygyny, ylmyň, bilimiň, edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň bolsa adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlygydygyny beýan edýär. Döwletimiziň ylym we tehnika babatyndaky syýasatynyň özeni we esasy maksady halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakdan, başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany – teni bilen söýýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden, bäsleşige ukyply ylym we bilim ulgamlaryny döretmekden hem-de dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen sazlaşykly ösüşi gazanmakdan ybaratdygyny nygtaýar.
Ýurdumyzyň ösüşiniň täze döwri sanly bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Tehnologiýalar asyry bolan XXI asyrda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä standartlaryna gabat gelmegi ösüp barýan ýaş nesliň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegi we dünýä dillerini çuňňur öwrenmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Has dogrusy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylýar. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, şeýle hem, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanyny, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdümegiň Konsepsiýasy” beýleki resminamalar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde esasy hukuknama bolup durýar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň täze usullary okuw işine yzygiderli ornaşdyrylýar.
.
Aýdogdyýewa Jahansoltan,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler