Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ähli ulgamda täze ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Dünýäde ýokary derejede alyp barylýan sanly ulgam ykdysadyýeti biziň Diýarymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Ýokary okuw mekdeplerde hünärmenleriň, professorlaryň, mugallymlaryň tagallalary bilen, talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy düzüldi. Ýörite portallar işlenip taýýarlandy. Olarda belli bir aralykdan sapak bermek usuly ornaşdyryldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideo maslahatlary yzygiderli guramak, birek-birek bilen tejribe alyşmak ýaly aýratynlyklaryň ýola goýulmagy döredilen täze mümkinçiliklerdir. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagyna, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga, täze senagat kärhanalarynyň döredilmegine itergi berýär.
Sanly ulgama geçmegiň oňyn netijeleri maliýe-bank ulgamynda hem giň gerimde alnyp barylýar. Esasan hem sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişlidir. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde, ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde, bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylmagynda maliýe-bank ulgamynyň ösüşi möhümdir. Bu ulgam milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň sanly ulgama geçirilmegi işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu gün uçar, otly, ulag petekleri, internet, telefon, IP-TV, elektrik energiýasy, suw hyzmatlary üçin we şonuň ýaly tölegleriň beýleki görnüşlerini sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, islendik ýerden geçirip bolýar. Netijede, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, olary ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem hyzmatlaryň gerimini giňeldýär, hilini ýokarlandyrýar. Bularyň netijesinde gymmatly hasaplaýan wagtymyz tygşytlanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň täze hile geçmegine, dünýä garaýşyň giňemegine, geljege has taýýarlykly we maksada okgunly bolmaga täze mümkinçilikleri açýar.
.
Bibisara ANNABERDIÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki
26-njy çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulçysy.
Teswirler