Maglumat gurşawy bu günki gün jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylýar. Ol bir tarapdan, ykdysady, gorag, sosial, syýasy we milli howpsuzlygyň düzüm bölekleriniň ýagdaýyny mese-mälim kesgitleýär hem-de dürli jemgyýetçilik gurluşyň howpsuzlygyna täsir edýär. Beýleki tarapdan, maglumat howpsuzlygy howpsuzlygyň özbaşdak bölegi, ähmiýeti we alamaty hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda siwilizasiýanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin häsiýetli global ýagdaýlar maglumat howpsuzlygyň zerurlygyny öňe çykarýar. Ykdysady we tehnologiki gatnaşyklarda öňdebaryjy, ösen ýurtlaryň postindustrial jemgyýetiň tapgyryna girmegi bilen esasy işi bilen bir hatarda adamlaryň durmuşynyň we işiniň ähli ulgamlarynda maglumat alyş-çalyşygy bilen hem iş salyşmagyna getirýär. .
Jemgyýetiň peýdalanýan maglumat mümkinçilikleriniň göwrümleriniň mukdar taýdan üýtgemegi olaryň hil taýdan hyzmatynyň üýtgemegine getirdi. Muny 1970-nji ýyllarda Amerikanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti F.Handler ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň hakyky mümkinçilikleriň esasynda däl-de, akylyň we ylmy bilimleri ulanmak bilen esaslandyrylandygyny belledi.
XX asyryň ahyrlarynyň we XXI asyryň başlarynyň esasy global meseleleriniň biri – durmuş işjeňligiň howpsuzlygydyr. Jemgyýetçilik pikirlerine ýaýradylan ideýalar we pikirler, hereket edýän kanunlar we kadalaşdyryjy namalar howpsuzlygyň birnäçe iri düzümleýin görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Köplenç harby ýa-da goranyş, ykdysady, durmuş-syýasy, ekologiki maglumat howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşylýar, soňky ýyllarda bolsa tehniki howpsuzlyk hem göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda maglumat diňe bir özboluşly we örän gymmat önüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem esasy strategiki resursdyr. Döwletleriň infrastrukturasyny territorial we sebitleýin telekommunikasiýa we kompýuter torlary, paýlanylan maglumatlar gorlary we bilimler emele getirýärler. Jemgyýetçilik önümçiliginiň täze pudagy emele gelýär. Bu pudak maglumatlary döretmek, ýaýratmak, işläp taýýarlamak we ulanmak (sarp etmek) serişdelerini we proseslerini gurşap alýar. Mundan başga-da, maglumat tehnologiýalary we serişdeleri jemgyýetiň durmuş işjeňliginiň ähli gurşawlaryna giňden ornaşdyrylýar. Maglumatlaşdyrma işinde önümçilik usullarynyň, adamlaryň dünýägaraýşynyň, durmuşyň özüniň stiliniň we häsiýetiniň we ş.m. düýpli çalyşmalary bolup geçýär. Maglumaty sarp etmekde köp ýurtlarda ilatyň 100%-i diýen ýaly gatnaşýar. Bu bolsa maglumatyň köpçülikleýin önümçiligiň we ählumumy sarp edişiň önümi bolandygyndan habar berýär.
Maglumatlaşdyrma ulgamynda ösüş kanunalaýyk täze düşünjeleriň, munuň bilen birlikde, täze adalgalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Häzir diňe bir maglumat barada däl, eýsem maglumat resurslary (adamzadyň, ilatyň, ýurduň we sebitiň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýa-da bilimleriň, kärhanalaryň maglumatlary), maglumat giňişligi, maglumat gurşawy ýa-da maglumat akymlaryň aýlanýan gurşawy barada gürrüň edýärler. Şeýlelikde, “maglumat göreşi” we “maglumat ýaragy”, “maglumat howpsuzlygy”, “maglumatlary goramak”, “maglumatlardan gorag”, “maglumatlara garşy göreşmek” we “maglumat garakçylygy”, “maglumat diwersiýasy” ýaly düşünjeler dilde peýda boldy.
Garşydaşyň (döwletiň, bäsdeşiň, maglumatyň eýesiniň) maglumat mümkinçiliklerini rugsatsyz ýa-da bikanun almak maglumat içalylygyň tehnologiýalarynyň biridir.
Çynar Orazowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler