Alymlar howadaky kömürturşy gazyny peseldip bilýän we gün energiýasy bilen üpjün edip biljek fotosinteziň emeli görnüşini döretdiler. Bu iki häsiýet üýtgeýän howamyzy durnuklaşdyrmaga kömek edip biler.
Bu himiki reaksiýa gün şöhlesiniň gök tolkun uzynlygyna meňzeýän gök ýagtylyk bilen ýüze çykýar we şeýlelik bilen kömürturşy gazyny energiýa çeşmesi hökmünde ulanyp boljak iki görnüşe öwrülýär.
Reaksiýa gutarandan soň galan zat, ýeňil energiýany ösümliklerdäki himiki energiýa öwürýän fotosintez prosesi ýaly arassa howa we goşmaça energiýa bolup durýar. Merkezi Florida uniwersitetiniň gözleg topary bu sintetiki nusga uly umyt baglaýarlar.
Gözlegi geçirýän alymlaryň biri: “Ylmy nukdaýnazardan belli bir reňkdäki ýagtylygy siňdirjek maddalary tapmak gaty kyn zat. Ýöne geljekde, sosial taýdan parnik gazlaryny azaltmaga kömek edip biljek tehnologiýanyň ösmegine goşant goşarys.” diýip, belleýär.
Alymlar bu prosesi has giň gerimde amala aşyrmak üçin ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmalydygyny we has uly görünýän ýagtylyk spektrini ele almalydygyny aýdýarlar.
Akmuhammet DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler