Soňky 100 ýylda geçirilen anatomiki gözlegleriň netijesine adam bedeninde anyklanylmadyk agzasy ýok diýlip çaklanylýardy. Alymlar ýakynda ýene bir täze açyş etdiler. Ýagny, adamyň eňeginde gipotetiki myşsa gatlagynyň barlygynyň üsti açyldy.
Ylym dünýäsi gün-günden bizi geň galdyrmagyny dowam etdirýär. Adam bedeni dürli syrlardan doly. Alymlar adamyň ýüzünde täze myşsanyň tapylandygyny habar berdiler. Anatomiýa kitaplaryny täzeden ýazyp bilýän bu täze myşsanyň ýaňaklaryň arka tarapynda ýerleşýändigi we aşaky eňegini düzeltmek wezipesini ýerine ýetirýändigi mälim edildi.
Şweýsariýanyň Bazel uniwersitetinden Szilwiýa Meziniň ýolbaşçylygyndaky alymlar açyşdan öň eňek myşsalarynyň iň görnükli hasaplanýan ýaňak myşsasynyň gipotetiki we şu wagta çenli bir çuň gatlakdan ybaratdygyny aýtdylar. Dişler bilelikde basylanda täze açylan myşsanyň hereketiniň ýaňaklaryň arasynda duýulýandygy düşündirildi.
“Annals of Anatomy” žurnalynda neşir edilen gözleg, mastiki muskullaryň biri bolan masseter myşsasynyň gurluşyny üçünji we çuň gatlakda emele gelen gurluş hökmünde suratlandyrdy. Dr. Mezin öz çykyşynda masseter myşsasynyň bu çuň böleginiň işleýşi taýdan beýleki iki gatlakdan has aýdyň tapawutlanyp biljekdigini aýtdy.
Halima ÝOLDAŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler