Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz uly üstünliklere eýe bolýar. Aýdym-saz sungatymyzyň dürli taraplaýyn ösdürilmegi, öwrenilmegi, bu ugurda düýpli işleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ruhy baýlygymyz kämilleşýär. Häzirki günlerde halkara derejelerindäki duşuşyklaryň köp böleginiň onlaýn arkaly geçirilýändigine garamazdan, özara medeni gatnaşyklar has-da berkeýär. Ýakynda ýurdumyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Ermenistanyň Komitas adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň arasynda geçirilen onlaýn konserti hem dost-doganlyk ýurtlaryň saz medeniýetleriniň barha ysnyşmagynda möhüm wezipä eýe bolunýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.
Bu geçirilen onlaýn duşuşygy diňe bir özara tejribe alyşmak bolman, eýsem medeni bilimiň geljekki ösüşini nazarlaýan sepgitlere ýetmekde düýpli täsir edýär. Alys ülkelerdäki sungat ussatlary bilen tejribe alyşmaklygyň nobatdaky duşuşygy örän täsirliligi, özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.
Döredijilik konsertinde ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň hor topary çykyş etdi. Türkmenistanyň halk artisti, dosent, konserwatoriýanyň Dirižýorlyk kafedrasynyň müdiri G. Babaýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary dürli mazmunly eserleri ýerine ýetirdi. Olar O. Gurbannyýazowyň, W. Ahmedowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden “Ýüzüňden”, “Gözüm düşdi” akapella aýdymlaryny, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi A. Amanowyň hem konserwatoriýanyň uly mugallymlary R. Baýramowyň, B. Gaýypowyň ýerine ýetirmeklerinde D. Öwezow bilen Ý. Meýtusyň “Leýli we Mejnun” operasyndan bir aýdym, D. Öwezowyň “Dutaryň owazy” ýaly aýdymlary ýerine ýetirildi.
Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlary bilen bir hatarda daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň aýdymlaryna hem uly orun berildi. Olardan W. A. Mosartyň, P. I. Çaýkowskiniň, A. Arutýunýanyň ajaýyp aýdymlaryny bellemek bolar. Bu aýdymlaryň täsirli owazlanmagynda hor bilen bir hatarda Türkmenistanyň halk artisti A. Berdiýewiň, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri A. Amanowyň, B. Durdyýewanyň, A. Seýitkulyýewanyň goşantlary uly boldy. Aýdymlara M. Orazowa sazandarlyk etdi. Eserleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmekligi gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Komitas adyndaky Ýerewan Döwlet konserwatoriýasynyň konsert sahnasyndan “Ower” Döwlet kamera hory hor çykyşyna başlady. Bu hor topary öz çykyşynyň dowamynda nusgawy hem häzirki zaman kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdiler. Hor toparyň hem dirižýoryň ussatlyklary netijesinde aýdymlar täsirli ýaňlandy. Ýerine ýetirijilik aýratynlyklar, aýdymlaryň owazlanyş görnüşleri, ses alyş hem umumy hor sazlaşyk esaslar aýdymlarda ökdelik bilen utgaşdyryldy. Ermeni halkynyň kompozitorçylyk, hor ýerine ýetirijilik üstünlikleriniň aýratynlyklary milli owazlanyş görnüşlerde aýdymlarda ýokary derejelerde wasp edildi. Onlaýn konserti sungat ussatlarynyň birek-birege bolan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglara öwrüldi.
.
Röwşen MUHAMMEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler