─ Bu nähili üýtgeşik surat (žiwopis)-natýurmort: ol bir
zadyň nusgasyndan lezzet almany mejbur edýär, emma
şol zadyň asyl nusgasyna seredilmeýärem.
Paskal
1920-nji ýyllarda Türkmenistanda şekillendiriş sungatynyň ösmegi üçin amatly şertler döreýär. Şol ýylyň sentýabr aýynyň 20-sine Poltorask (Aşgabat) şäherinde Türkistan fronty I-goşunynyň syýasy bölüminiň (политотдел) ýanynda çeperçilik studiýasy açylýar. Sebäbi täze sowet häkimýeti türkmen halkynyň sungatyna uly ýol görkezýär. Ony açan rus suratkeşler Ruwim (Ilýa) Mazel bilen Aleksandr Wladiçukdyr. 1923-nji ýylda ol Gündogar sungatynyň Zarpçy mekdebine öwrülýär. Bu ilkinji çeperçilik okuw jaýy gysga wagt, 1925-nji ýyla çenli işlänem bolsa, Türkmenistanda sungatyň täze görnüşlerini ýaýratmakda bu mekdep görnükli rol oýnaýar. Bu ýerde ilkinji görnükli türkmen suratkeşleri: B.Nuraly, S.Beglýarow, O.Mizgirýowa dagylar okapdyrlar.[1]
1930-njy ýyllaryň dowamynda suratkeşleriň sany az bolsada professional ussatlyk güýçli dikeldilip başlanýar. 1935-njy ýylda S.Beglýarowyň kömegi bilen çeperçilik uçilişe açylyp, 1936-njy ýylda ilkinji uçurymlary göýberilýär. Onuň umumy derejesi heniz gaty ýokary bolmandyr. Emma sungatda ilýustratiwlik, uly çeperçilik umumylaşdyrmalary başarmazlyk, keşpleriň shematiligi we adatylygy, surat çekmek we taslamalar we olaryň reňk çözgüdi gowşaklygy ýüze çykýar. Muňa garamazdan, 1930-njy ýyllaryň türkmen şekillendiriş sungaty täze mazmuna aktiw ýüz tutýar, sebäbi bu ugurdan onuň üstünliklerine – zawod fabrikleriň gurulmagy, kolhoz gurluşyklary, halkyň durmyşy, täze okuw jaýlarynyň, ilkinji suratkeşler birleşiginiň, çeperçilik okuw jaýynyň, şekillendiriş sungaty muzeýiniň döredilmegi ýardam edýär. Şol wagtlar öz döredijiligini Türkmenistan bilen baglanyşdyran suratkeşler-L.Çerinko, Ýu.Daneşwar, G.Babikow, we beýlekiler gelýärler. B.Nuraly, S.A.Beglýarow, O.Ponomarýew, A.Žukow dagylar bilen işleýärler. Beýik watançylyk uruşunyň öňi syrasynda ýaňy täze açylan Ş.Rustaweli ady dakylan çeperçilik uçilişäni tamamlan A.Hajyýew, N.Dowodow, Ýe.Adamowa, Ýa. Annanurow, A.Kuliýew ýaly ýaşlar, suratkeşleriň sanyny köpeldýär. Uruş döwri we soňra 1948-nji ýylda Aşgabatdaky ýer titreme ýyllary türkmen suratkeşleri halk bilen bile şol agyr günleri bile paýlaşýarlar –halkyň durmuşyny, kolhozyň agyr zähmetini, fon üçin gymmat şaýlary, ogullarynyň fronta gidişini, ruhuny paýlaşýan eserleri, plakatlary ýaýradypdyrlar. Bu ýyllarda suratkeşler professional ussatlygyň wajypdygyny bilip, Moskwanyň, 1947-njy ýylda Leningradyň ýokary çeperçilik okuw jaýlaryna ýaş suratkeşler –A.Hajyýew, A.Kuliýew, Y.Gylyjow iberilýärler. Şeýle-de olar ýokary üstünlikler bilen okuwlaryny tamamlap gaýdyp gelýärler. Soňky 10 ýyllykda-1950-nji ýyllarda Aşgabadyň täzeden dikeldilmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösüşini suratkeşler wasp edýärler. Moskwanyň belli suratkeşleri we sungaty öwrenijileri tarapyndan bütin soýuzyň sergilerde görkezilen işleri barada bu ýagdaý tassyklandy. 1950-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda professional tarapdan kämilleşýän sungatymyzda ýuwaş-ýuwaş milli nakgaşçylygyň ýüzi görünip başlaýar, bulara mysal edip, portretler, türkmen tebigatynyň görnüşleri-peýzažlar we başga žanrlar köpelýär.
Türkmenistanyň nakgaşçylygynda natýurmort žanry, 1920-nji ýyllardan başlap, tä S.Beglýarowyň 1944-nji ýylda ýazan natýurmortyna çenli aýratyn žanr hökmünde ýerine ýetirilmän, taslamalarynyň içine goşup, görkezipdirler. Bu tema şu wagta çenli sungaty öwrenijilik taýdan öwrenilmändir, emma natýurmortyň öwrenilmegi sungaty öwrenijiler we suratkeşler üçin hem örän wajyp bolup durýar. Şol sebäpli hem awtor bu žanryň ugruny, ähmiýetini kesgitlemek üçin ýokardaky agzalan tema ýüzlenýär. Aýratyn hem şol suratkeşleriň arasynda G.Babikow peýzažy, natýurmort žanryny aýratynlandyrýar we esasy edip goýýar.
Milli natýurmort žanry barada aýdanymyzda ilki bilen onuň taryhyna ser salmak gerek. Natýurmort sungatyň syrlary adam ymmatynyň öňünde düşünmezligini keşpleýin alamatlandyryp goýýar, bu jansyz tebigat bizi hemme ýerde gurşap alýar. Adamyň döredýän zatlary gadymy döwürlerden bäri gündeki durmuşda ulanylýar we endik bolşy ýaly ol zatlara üns berilenok. Diňe suratkeşiň içinden geçýän garaýyşyna bu zatlaryň düýp manysy açylýar, diňe olar bilen sessiz gepleşige girýärler.
Natýurmort–ol adaty endik edilen ýönekeý zatlaryň owadanlygyny, gymmatlygyny tassyklaýar.
Şekillendiriş sungatynda natýurmort diýip (fransuz dilinde “nature morte”- öli (jansyz) tebigat) bir kompozision toparlara birikdirilen, jansyz zatlaryň şekillerine aýdylýar. Beýleki žanrlardan bu žanryň üýtgeşikligi nämede? Jansyz zatlaryň şekilleri suratkeşe näme berip biler?
Tebigaty we arhitekturany wasp edip, portret eserleri diňe adam bilen ýa-da peýzaž bilen iş salyşýar, natýurmort bolsa adam, öýüň goşy, ösümlik dünýäsiniň aýratyn bölekleri, şekillendiriş sungatynyň eserleri we başga-da köp zatlardan ybaratdyr. Natýurmordyň zatlary hemişe adamyň gündeki durmuşy bilen baglanyşykly bolýar.
Beýleki žanrlara seredeniňde natýurmort söz bilen beýan edilmezden gaýdýar. Oňa dykkat bilen seretmeli, saýgarmaly, onuň manysyna içgin girmeli. Şeýdip ol suratkeşligiň aslyýetine ýetmäni öwredýär. Onuň çuň manylygyna gözelligine seredip lezzet alyp bilmeklik hem eseriň keşbiniň mazmunyna ýetip bilmeklikdir.
Suratkeş natýurmortda ýeke belli bir zady suratlandyrman eýsem ol hakykaty görüşini görkezýär we dürli-dürli estetiki meseleleri çözýär.
Predmetler surarkeşiň gürleýän dilidir we ol bu dili ýokary derejede bilmelidir. Azyndan bu žanrda predmetler ýerine ýetirilýänligi üçin bulary iki uly topara bölüp bolýar. Olar: tebigy zatlar (güller, miweler, iýmit, nahar, balyk, aw guşlary we beýlekiler), we adam elleri bilen ýasalan zatlar.
Natýurmordyň tebigy desgalarynyň aýratynlygy onuň wagtlaýynlygydyr. Düzgünde bolşy ýaly olar tebigy dünýäsine degişlidir (emma kadadan çykmalar hem bolup biler). Tebigy şertlerden aýrylandan soň olar basym ölmek bilen boýarlar, güller guraýar, miweler çüýreýär. Şol sebäpli bu žanryň birinji borjy üýtgeýän zatlara üýtgemezligi bermekdir., durnuksyz gözelligi berkitmeklikdir, wagty saklamaklykdyr, zaýalanjak zatlary ömürlik etmeklikdir. Bu zatlar natýurmortda filosofiki çuňlugy berýär we tomaşaçyny özüne çekýär. Adam elleri bilen ýasalan zatlar uzak ulanyp boljak çig mallardan ýasalýar: metal, agaç, keramika, aýna. Olar durnukly bolup öz keşplerini ýitirmeýärler. El bilen ýasalan zatlaryň tapawudy, natýurmotda manylylyk tarapyny jemlemeklikdir. Tebigy we ýasalan zatlaryň öz arasynda tapawudy bolsa-da olaryň umumy keşplerini natýurmortda birleşmesiniň çäklendirmeleri bar. Bularyň ikisi hem interýeriň bölegi bolup durýarlar. Meselem güldan we güller, mejimeler we ir-iýmişler. Esasan hem bulary adama täsir edişi biri-birleri bilen birikdirýär.
Maddy dünýäniň üýtgeşikligi natýurmordyň many-mazmunyny giňden giňeldýär.
Narýurmort gadymy döwürlerde hem ýerine ýetirilip, baryp b.e. 1-nji asyryna degişli bolan Rim nakgaşçylygynda ýagny Pompeý mozaikalarynda we freskalarynda duş gelmek bolýar. Deňiz çuňlugyndaky ýaşaýjylary şekillendirýän mozaikalar –«Balyklar», «Deňziň düýbi» we «Deňiz ýylany» atlary bilen bellidir. Bular bilen deň hatarda freskany hem agzap bolar. Gerkulanum şäherinde tapylan «şetdalylar we aýna gap» diýen freskadyr (1-nji surat).[2] Bu çekilen suratda biz dünýäniň gözelligini, owadanlygyny şeýle-de suratkeşiň ýiti gözüni görüp bilýäris. Bu zatlar adamyň yzyny galdyrýar, ýagny ýokarda duran dişlenen şetdaly, ýanynda admyň bolandygyny görkezýär. Bu zatlar dünýäniň gözelligine haýran goýýar.
Orta asyrlarda Ýewropa suratkeşleri öz taslamasynyň bir bölegi hökmünde natýurmorty görkezýärler. XV asyryň Niderland suratkeşi Gugo wan der Gusyň «Portinari maşgalasynyň altary» atly triptihinde merkezi böleginiň birinji planda çekilen natýurmortynda ýüzi güljagazlar bilen bezelen güldanyň içinde sary liliýa we ak irisler bilen gülleriň çemeni, şeýle-de onuň ýanynda duran suwly bulguryň içinde meýdan güljagazlary we bugdaý dessesiniň ýüzünde ussatlyk bilen şekillendirilipdir (2-nji surat). Suratkeş özüniň uly söýgüsi bilen gülleriň özboluşly formasyny, gözelligini ýagly reňkleriň üsti bilen açýar. Bu eserde awtor umumy sahnadan çetleşdirýän bolsa, XVI asyryň meşhur nemes suratkeşi G.Golbeýn nemes söwdegäri Georgiý Gissiniň portredinde işläp oturan pursadyny interýeriň içine salýar (3-nji surat). Onuň daş töwereginde söwdegäriň işinde ulanýan zatlary: kitaplary, altyn ölçenýän terezisi, bölejik hatjagazlar bilen utgaşdyryp bitewi bir taslamany döredýär. Şeýle-de bu ýerde beýleki zatlardan aýratynlykda Gissiniň içki dünýäsiniň gözelligini açyp görkezýän güldandaky gülleriň çekilmegidir.
XVII asyrda Italiýan nakgaşy Mikelanjelo Merizi da Karawajo bu natýurmorty aýratyn žanr hökmünde çykarandygyny onuň döredijiliginde görmek bolýar (4-nji surat). Ýene-de bir bellemeli zadymyz ol hem Golland ussatlary natýurmordy nakgaşçylygyň özbaşdak hakyky döredijileridir. Hiç bir döwletde bu žanr Gollandiýadaky ýaly şeýle giň ýaýran däldir. Köp bolmadyk sadaja predmetleri saýlap alyp, olary sazlaşdyryp, deňeşdirip taslama toparlaryna jemlemegi başarýarlar. Faktura aýratynlygy bilen şol zatlaryň içki ýaşaýşyny sazlamagy berip bilipdirler. Ol zatlar adamyň durmuşy bilen baglanyşykda bolupdyr (5-nji surat).
Türkmenistanyň nakgaşçylygynda şu žanrda ilkinji bolup ädimi äden suratkeş S.Beglýarowyň sirenidir (6-njy surat). Bu iş biziň günlerimize çenli gelip ýetip, Aşgabadyň şekillendiriş muzeýinde saklanýar. Narýurmortda biz siren gülleriniň tämiz ysyny alýan ýaly, ýazyň ýyly howasynda ussahananyň açyk gapysyndan günüň yssy şöhlesi düşüp, küýzäniň aňyrsyndan bir suratyň arka tarapyny görkezýär. Suratkeş esasy ünsi güllere berip, ony inçelik bilen çekipdir. Stoluň üstüne gaçan gülleriň ýapraklary sireniň ýaňy ýygylandygyny görkezýär. Bu ýerde küýze bilen aňyrky fonuň goňrumtyl reňki garaňkylykdan gülleri öňe çykarypdyr. Ikinji jahan uruşynyň gutaryp barýan 1944-nji ýylynda döredilen iş awtoryň beýik ýeňişiň bahym geljegine umytly garaşýandygyny ýüze çykarýar.
Soňra 1950-nji ýyllarda natýurmort žanry köp ýaýraýar we suratkeşleriň döredijiliginde hemişe diýen ýaly bu žanr uly orun eýeleýär. Muňa mysal edip Ýe. Adamowanyň «ýorunja dessesi» diýip atlandyrylýan taslamasyny görmek bolýar (7-nji surat). Ak perdäniň ýüzünde stoluň burçunda kiçijik akja farfor küýzejigiň içinde ýorunjanyň gülli baldajyklary we gapdalynda dört sany gyzyl sarymtyk şetdalylar ýatyr. Inçe ýazylan howa bilen doldurylan bu taslama awtoryň professional derejesini görkezýär. Adamowanyň kalba ýakyn liriki häsiýetli natýurmortlary, şahyrana duýgulary oýarýar.
G.Babikow 1930-njy ýylda Aşgabada gelende professional çeperçilik okuwy geçen suratkeşdi. Entäk Russiýada ýaşan döwründe ol RRSA-nyň (Rewolýusion Russiýa Suratkeşleriň Assossasiýasy) merkezi studiýasynda 1928-31-nji ýyllarda rus sowet suratkeşi I.I. Maşkowyň elinde okaýar. I.I. Maşkow (1881-1944) belli rus natýurmortunyň ussady. Ýaş suratkeşe daş töwerekdäki zatlara ünsli göz bilen seretmegi, özüniň her bir çeken formasynyň derňewini etmegini, reňkleriň dogry we ýiti almagyny öwretdi. 1930-njy ýyllarda, irki döredijiliginde portretleri we tematiki köpfiguraly taslamalary çeken hem bolsa G.Babikow 1950-nji ýyllaryň başynda natýurmort žanryna öwrülýär. Bu suratkeşiň şol ýyllarda döredilen eserleriniň içinde ýyl işiniň awtorynyň gözüne düşen käbir natýurmortlary ýagny, «Narlar bilen garpyz» atly işi ünsüňi çekýär (8-nji surat). Munyň ýazylyş usuly etýudy ýatladýar – reňkler ýasy çotganyň aşagyndan hamala akan ýaly ýa-da garpyzyň şiresimikä? Bu kiçi ölçegli natýurmort suratkeşiň professional aşhanasyny (kuhnýa) görkezýär – her bir miwäniň ýerini tapyşy, mazoklaryň erkin we giň goýulyşy haýran galdyrýar. Dilimli garpyzlaryň birisiniň üstünden iýilen ýeri bar, bu hem suratkeşiň ýaňy iýmäge oturan wagty şeýle owadan, gyzykly pursady görkezmek üçin çekendir. Suratkeş dört ýyldan soň 1962-nji ýylda «Güýz gülleri» diýen natýurmorty çekýär (9-njy surat). Gyzyl-sary şarlar diýip atlandyrylýan gülleri görüp, onuň gözelligine suratkeş saklanyp bilmändir. Bu natýurmort (fransuzça «nature»-tebigat, «morte»-öli (jansyz)) öli däl, janly. Munda aýnaly stoluň üstünde içi görünýän suwly çüýşeli gaplarda gyzyl-sary öwsüp güller, öwşgün atýar. Bularyň gapdalynda bolsa toprakly küýzejikde ýaňy janlanyp gelýän güljagaz, şeýle-de stoluň üstündäki sary reňkdäki ýazylan mata bölegi gülleriň reňki bilen baglanyşdyrylan. Türkmen Sowet nakgaşçylygynda G.Babikowyň «Türkmen güýzi» diýen natýurmorty klassika bolup galdy, sebäbi ol türkmen milletiniň bol hasyllygynyň nyşanydy (10-njy surat). Bu ýerde güýzüň yssylygy duýulýar. Şeýle-de bu miwe önümleriniň ýagny gawunyň, garpyzyň, narlaryň kesilmegi olaryň ysyny tagamyny bilip bolýar. Ter miweleriň reňk sazlaşygy diýseň ýerine düşüpdir–narlar, üzümler, mekgejöwenler, çybyk gaplargaky üwmek sary-gyzyl öwüsýän mahmal beýiler, gawun-garpyzlar tutuş kendiriň ýüzüni bollugy bilen doldurýarlar. Awtor bulary suratlandyrmak bilen mele topragymyzyň baýlygyny, owadanlygyny, tagamyny görkezmek isläpdir. Soňky 20 ýyllykda sowet akademiki nakgaşçylygy biziň döwrdeş sungaty öwrenijilerimiz tarapyndan köp tankyd edilýän «sosialistik realizm» diýip, türkmen topragymyzda ýaşan we işlän suratkeşler tarapyndan köplenç beýik professional derejede ýerine ýetirilipdir.
1960-njy ýylyň aýagynda Aşgabatdan göçüp giden Leonid Şpagyň käbir işleri Aşgabadyň şekillendiriş muzeýinde saklanyp galypdyr. 1958-nji ýylda ýazylan narly natýurmorty suratkeşiň nakgaşçylyk ussatlygyny görkezýär (11-nji surat). XVII asyryň Golland natýurmort ussatlaryň däplerinde, akademiki nakgaşçylyk usulynda çekilen. Suratda bir stoluň üstünde iýilip-içilip oturylan ýer görkezilýär. Doly içilmedik çemçeli çaýy bilen şeýle-de ak salfetkada kesilen naryň ýaldyraýan dänejikleri, az salymdan geljek adama garaşýan ýaly. 1960-njy ýylyň başynda Türkmen sungatynda nakgaşçylyk ýuwaş-ýuwaş üýtgäp başlaýar. Sebäbi sowet döwrüniň sungatyna täze çeperçilik garaýyşlar gelýär – çekilen formalar umumylaşýar, ýönekeýleşýär, suratkeşiň (serişdeleri) dili az sözleýär. Emma reňkler dekoratiw häsiýeti bilen ýitileşýär. Bu çeperçilik diliniň ilkinjileriniň biri Y.Gylyjow bolup, onuň 1959-njy ýylda çeken «Üzüm» atly natýurmortynda görmek bolýar (12-nji surat). Bu işe seredeniňde gözüňe ähli zat umumy görünýär, sebäbi suratkeş ýokardan seredip çekýär. Türkmen halysynyň üstünde sary jamyň içinde üzümleriň hoşalary we çakyrly çüýşe çekilen. Al-gyzyl öwüsýän gelinbarmak üzümiň hoşalary biziň gözümize yssy görünýär. Şeýle-de sary jamyň içine sygman, daşyna gaçan ak üzüm hoşasyna ilki bilen gözüň düşýär weözüne çekýär. Ak we gyzyl reňkler tegmil bolup, çakyrly çüýşäniň ýüzünde öwüsýär. Bu işi suratkeş 1950-nji ýyllaryň ahyrynda ýazýar we şol ýyllarda ol dekoratiw formalara we reňklere geçýär. Bu hem suratkeşiň ewolusion ösüşi başdan geçirendigini görkezýär. Şol täze ýol bilen Y.Gylyjow däl-de eýsem, başga suratkeşleriň arasynda nakgaşçylyga täze garaýyşlar bilen seredýärler. Tekiz ýiti reňkler bu bu umumylaşdyrylan forma XX asyryň birinji ýarymynda Günbatar Ýewropanyň, ýagny Fransiýanyň suratkeşlerine A.Matissiň, P.Gogeniň, W.wan Gogyň we beýlekileriň tejribelerine ýüzlenýärler: jemlenen formalar, göçgünli ýiti reňkler. Bu serişdelerden we tebigatyň gözelliginden suratkeş lezzet alýar, hem-de bu duýgular bilen tomaşaçyny oýarýar. Mysal edip aýdanymyzda şol bir ýokardan seretmek taslama usuly – dürli gyzyl öwüsýän, keçäniň ýüzünde goýulan N.Dowodowyň gülälek gülleri (13-nji surat) ýa-da her bir dürli güljagazlary jikme-jik görkezýän Ýa.Annanurowyň (14-nji surat) soňra bolsa, S.Babikowyň oturgujyň üstündäki ýaýrap ýatan we uly çüýşelere kompot üçin gaplanan gyzyl-sary öwüsýän şetdalylary aýdyp bolar (15-nji surat). Beýik professional derejede çekilen natýurmortlar ruhuňy göterýär we göze lezzet berýär.
[1] A.Garryýew. Памятники Туркменистана. 1974. №2 стр. 11
[2] Помпеjan и Њени музеju.–Белград. 1979
Teswirler