Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary…

  1. Biler bolsaňyz dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
  2. Arça bezegleri üçin dürli reňkli öwüşgün saçýan çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapylypdyr.
  3. 1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Rus patyşasy Piter I täze ýyly bellemek barada karar çykarypdyr. Maglumatlar görä, öň ybadathana täze ýyly 1-nji martda, adaty adamlar bolsa 1-nji sentýabrda belläpdirler.
  4. Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenilipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.
  5. Fransiýada 755-nji ýyla çenli, ýylyň başy 25-nji dekabr hasaplanylypdyr. Bu sene soňra 1-nji marta geçirilipdir. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.
  6. Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagan güni belleýär.
  7. Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä, howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär. Kubada täze ýyl “Patyşa güni” diýip atlandyrylýar.
  8. Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä, dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe şowlulyk getirýär eken.
  9. Italiýada, täze ýyl baýramçylygynda köne eşiklerdir mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.
  10. Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa täze adyny erbet ruhlaryň eşitmezligi üçin bar güýji bilen deprek çalýarlar.
  11. Ýer ýüzüniň käbir ýurtlarynda adamlar täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazypdyrlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Kagyz jaň kakylyp gutarýança ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.
  12. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjilik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjilik tortynyň sany bilen baglanyşykly.
  13. Awstriýada käkilige bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.
  14. Germaniýada aýaz baba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň gapdalyna ýa-da arçajygyň aşagynda goýup gidýär.
  15. Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş ýok. Şonuň üçin olar aýaz babany Kambodjada diýip atlandyrýarlar bu bolsa gyzgyn baba diýen manyny beripdir.
  16. Gadymy döwürde aýaz baba hiç kime sowgat bermändir. Tersine, adamlar aýaz baba sowgat beripdirler.

.

Muhammet BAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň 209-njy toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok