Hytaýly gözlegçiler topary, içilýän suwdaky bakteriýalary örän täsirli we ekologiýa taýdan oňaýly usulda arassalamagyň täze usulyny oýlap tapdylar.
Grafiki uglerod nitridi diýilýän birleşmäniň ultramelewşe şöhläni iki ölçegli plastinka gurluşyna şöhlelendirip, 10 litrlik suw bir sagadyň içinde arassalanyldy. Şeýlelik bilen, bu usulyň üsti bilen zyýanly bakteriýalaryň hemmesini diýen ýaly suwdan ýok etmek başartdy. Suwy arassalamagyň bu usulyna fotokatalitiki dezinfeksiýa diýilýär we hlorlaşma, ozon dezinfeksiýa ýaly köplenç ekologiýa taýdan arassa däl ulgamlara garanyňda adam üçin oňaýly we zyýansyz hasaplanýar.
Bu tehnologiýanyň işleýşi gaty ýönekeý. Suwda fotokatalizator hökmünde dürli materiallar ulanylyp bilner – bu materiallar ýagtylygy siňdirýär we suwda ýüze çykýan kislorod reaksiýalaryny çaltlaşdyrmak (ýa-da katalizlemek) üçin belli bir tolkun uzynlygyna eýe bolýar. Bu reaksiýalar reaktiw kislorod görnüşleri (ROS) diýlip atlandyrylýan molekulalary döredýär we mikroorganizmleri ýok edýär. Bu maksat bilen ulanyp boljak köp metal katalizatorlary bar, ýöne gynansak-da metal galyndylaryny suwda galýar. Nanoturbajyklar we grafen ýaly metal däl katalizatorlar – has ygtybarly, ýöne metaldan has täsirli, bu işi bitirmek üçin ýeterlik reaktiw kislorod öndürmeýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi we suw çeşmeleriniň ýeterlik däldigi bilen geljege tarap barýan dünýämizde, agyz suwuny arassalamagyň ekologiki usulyny tapmak gaty möhümdir.
Leýla BABAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň mugallymy.
Teswirler