“Bäş daş” milli oýnunyň çaganyň akyl ösüşini ösdürmekdäki ähmiýeti

Gurbanguly Berdimuhammedow:

– Milli oýunlar halkymyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň  özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.                                            

Türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Ýaş nesliň akyl we beden taýdan ösüşinde türkmen mlli oýunlarynyň ähmiýeti örän uly bolupdyr. “Bäş-daş”, “Owlak gapdy”, “Ýüzük-ýüzük”, “Ýalyga towusmak”, “Aýterek-günterek”, “Altyn gabak”, “Çowgan”, “Aşyk oýny”, “Keçe-keçe”, “Bukuldym”, “Eşek mündi”, ýaly milli oýunlar çagalary diňe bir beden taýdan berkitmek däl-de, eýsem, akyl-huşynyň, üşüginiň, pikirlenmesiniň, akyl ösüşiniň kämilleşmeginde hem möhüm orna eýe bolupdyr.

Türkmen milli oýunlarynyň biri bolan “Bäş daş” oýny bolsa gyzjagazlar öz aralarynda has köp oýnapdyrlar. Bu oýnyň netijesinde hakykatdan hem, çaganyň akyl ösüşiniň kämilleşýändigini görmek bolýar. Bu ýagdaýa oýnuň gidişini seljermek arkaly göz ýetirip bolýar. Ýagny, oýny oýnamak üçin iki, üç ýa-da ondan köp çagalar bir ýere üýşüp, öz aralarynda bije çekmek ýa-da sanawaç aýtmak arkaly döwçini kesgitleýärler. Bu oýunda aýdylan sanawajyň çaganyň sözleýşini ösdürmekdäki ähmiýeti hem bimöçberdir.

Oýnuň 1-nji etabynda orta görnüşli, owadanja, tebigy daşjagazlardan bäş sany daşy toplap alýarlar.

Oýnuň şertine görä, 2-nji etabynda toplanan daşlaryň içinden birini “guş” diýip belleýärler. Bellenen guşy ýokary zyňyp, bir-birden galan 4 sany daşy çöpläp almaly we daşlaryň ählisini bilelikde elleriň içinde saklap, olary yokary zyňmak arkaly elleriňi bilelikde tutup, arka tarapyna öwürmek bilen daşlary ýere düşürmezden tutup bilmeli, netijede, ähli daş eliň aýasynyň daş tarapynda jemlenip durýar hem-de “bäş daş” diýlip gaýtalanylýar. Daşlar ýokary zyňlanynda “bäş” diýilýär, aşak düşeninde “daş” diýilýär. Oýnuň şertindäki bu hereket ähli etaplaryň soňunda hökman gaýtalanylýar.

3-nji etapda oýnuň şerti boýunça, bu gezek daşlaryň ikisini birlikde almaly;

4-nji etapda bolsa şerte görä üç daşy birlikde, bir daşy bolsa ýekelikde almaly;

5-nji etapda dört daşy birlikde almaly;

6-njy etap “Derweze” diýip atlandyrylyp, çep eliň barmaklarynyň kömegi bilen derwezäniň şekili ýasalýar: başam barmak ýere goýulan görnüşde we süýem barmak orta barmagyň üstünde aýlaw görnüşde  bolan ýagdaýynda derwezäniň şekili alynýar hem-de, bu ýerde hem daşlaryň iň uzakda ýerleşeýän, geçirmesi kyn bolan bir daşy “guş” diýip belläp ony 3 daşdan soň iň soňunda geçirmeli. Etabyň bu şerti çylşyrymly bolup ýerine ýetirilmesi kyn hasaplanylýar;

7-nji etapda: “Guýy” diýip atlandyrylýar we çep eliň barmaklaryny eliň iç tarapyna ýumup, guýynyň şekilini edýärler, soňra bolsa daşlary ýeke ýekeden guýynyň içine salýarlar;

8-nji etapda: “Ak öý” diýip atlandyrylyp bu ýerde çep eliň ähli barmaklarynyň ujuny ýere goýup eliň aýasynyň daş tarapyny güberdip, ak öýüň şekilini ýasaýarlar. Daşlary barmaklaryň arasyna ýerleşdirip, olary ýeke-ýekeden eliň iç tarapyna toplaýarlar we jemini bilelikde toplap alýarlar.

Şeýlelik bilen oýnuň ähli şertlerini üstünlikli tamamlan çaga ýeňiji hasaplanylýar. Oýunda ýeňiji bolmak höwesi bolsa çagalarda geljekde öz öňüne kesgitli maksat goýmak, başarnyklaryny kemala getirmäge, maksadaokgunly, ruhybelent şahsyýet bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

Türkmen milli oýunlarynyň ählisiniň hem mazmununda eriş-agraç bolup geçýän maksat çaganyň paýhasly, deňagramly, çeýe, duýgur, ugurtapyjy, sabyrly, geçirimli, dogruçyl, dostlukly bolmaklaryny gazanmaklyk bolupdyr. Türkmen milli oýunlarymyz, hususan-da, toý-baýramlarda has köp oýnalypdyr. Şatlyk şowhuna beslenýän, dabarasy dag aşýan, birnäçe günläp, Gün dogandan, ýaşýança dowam edýän türkmen toýuny göz öňüne getirenimizde toýuň joşgunyny onda oýnalýan oýunlarda gazanylýan üstünliklerdir baýraklarda görmek bolýar. Şahandaz we sahy halkymyz toý serpaýyny, baýraklary has uludan belläpdirler. Hakykatdan-da, türkmen toýuny ýatlanymyzda, toýunda uludan kiçä ähli adamlaryň öz ýaş aýratynlygyna görä oýnaýan oýunlary biygtyýar hakydaňa dolýar. Ýaşuly nesil – aksagal  gojalarymyz öz gezeginde ýaş nesle nusga bolmak bilen türkmen milli oýunlarymyz bolan “Düzzüm”, “Küşt”, “Ýüzük ýitdi”, “Peçiz” ýaly oýunlary oýnaýarlar. Çagalar bolsa güýçýeterligine görä “Bäş daş”, “Aşyratdy”, “Üçböküm”, “Göreş”, “At çapyşygy” ýaly birnäçe oýunlary oýnaýarlar. Bu oýunlaryň, çaga şahsyýetiniň kämilleşmegindäki uly ähmiýeti dogrusynda Txrkmenistany[Hormatly Prezidentimiz “Türkmen medenýeti” atly gymmatly kitabynda “Türkmen milli oýunlary ynsany biedeplikden we nadanlykdan daşlaşdyrýar, nesillerde ýokary adamkärçilik aýratynlyklaryny kemala getirmäge, aň-düşünje babatda kämillige çykarmaga ýardam edýär. Türkmen milli oýunlary ynsana hormat goýmagy, ynsany söýmegi öwredýär” diýip örän jaýdar belläp geçýär.

Umuman, alanyňda ata-babalarymyzyň paýhasyndan akyl-üşüginden kemala gelen türkmen milli oýunlary kämil şahsyýeti ösdürip ýetişdirmekde tapylgysyz hazynadyr.

.

Beşimowa  Jemal,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Surat: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok