Internetiň geljegi bolan “Metaverse” näme?

Soňky günlerde tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýän “Metavers” barada eşiden bolmagyňyz hem mümkin. “Metavers” başgaça aýdylanda internetiň geljegi hasaplanýar. Köpleriň ünsüni özüne çekýän bu düşünje, gadymy grek sözüniň “meta” (aňyrsynda) we günbatar diliniň “universe” (älem) diýen sözleriniň soňky bölegini almak bilen döredilen adalga. Adatça bu ulgam wirtual hakykat (VR) tehnologiýasy arkaly elýeterli wirtual älemi suratlandyrmak üçin ulanylýar.

Bu söz 1992-nji ýylda ylmy fantastika ýazyjysy Neal Stiwensonyň “Gar heläkçiligi” romanynda peýda boldy.  Romanda gahrymanlar özleriniň wirtual şekillendiren enjamlary arkaly äleme girýärler. “Metaverse”, adatça, şahsyýetleriň wirtual jemgyýetlerine ýa-da dünýälerine degişlidir.

Bu wirtual hakykat älemine gulaklyklar, giňeldilen hakykat tehnologiýalary, akylly sagatlar we akylly äýnekler arkaly girip bolýar.

“Facebook” geçen aý “Meta” adyny üýtgedýändigini mälim edeninde, kompaniýanyň esaslandyryjysy Mark Zukerberg tarapyndan kompaniýanyň geljekdäki meýilnamalaryny düşündirýän wideo ýaýradyldy. “Facebook Connect” -iň giňeldilen we wirtual hakykat konferensiýasynda yglan edilen adyň üýtgemegi, bu ýöne ýere däldir. Munuň aňyrsynda geljekde “Metavers”-iň gelejeginiň ululygyny görkezýär.

Şirin SAHATOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok