Gazylyp alynýan tebigy baýlyklara degişli bolan tebigy gaz durmuşda giňden ulanylýar. Ýakynda geçirilen täze gözlegde, diňe gün şöhlesini, kömürturşy gazyny we suwy ulanyp arassa gaz öndürip bilýän «emeli ýapraklar» oýlanyp tapyldy. Bu emeli ýapraklar geljekde suwuk ýangyjyň durnukly çeşmesini döredip biler diýip umyt edilýär.
Täze emeli ýaprak gazylyp alynýan ýangyjyň ýerine gün şöhlesi bilen işleýär we bulutly ýa-da bulutsyz günlerde-de örän ýokary netijelilikde işleýär. Bu taslama Kembrij uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan ýüze çykarylyp, «SynGas» taslamasy diýlip atlandyrylýar. «Syngas» emeli ýapraklar bar bolan senagat ulgamlaryndan tapawutlylykda atmosfera kömürturşy gazyny goşmaýar.
Global uglerod sikline önjeýli goşant goşmagyna garaşylýan bu emeli ýapraklar, durnukly arassa ýangyç hökmünde köp ugurlarda ulanylmagyna garaşylýar.
Emeli ýapraklarda tebigy ýüze çykýan kobalt elementinden katalizatorlar bilen birleşdirilen iki ýagtylyk sorujy bar. Olar gün şöhlesini siňdirýän ösümlik ýapraklaryndaky molekulalar ýaly işleýärler. Suwa çümdürilende, katalizatorlaryň biri kislorod öndürýär, beýlekisi uglerod dioksidini we suwy azaldyp, kömürturşy gazynyň we wodorodyň garyndysyny emele getirýär.
Pes ýagtylyk derejesinde-de netijeli işleýän bu ulgam, hatda gün şöhlesi pes ýurtlarda-da ýangyç we energiýa öndürmek üçin durnukly çeşme döreder diýip pikir edilýär.
Arslan BAÝLYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler