Näme üçin gaty ýangyç ýakylanda duman çykýar?

Köp himiki reaksiýalar bilen deňeşdirilende ýanmak reaksiýasy ýönekeý bir prosesdir.  Adamzat bu reaksiýany ençeme ýyl bäri energiýa almak üçin ulanýar. Mysal üçin, awtoulaglarymyzy herekete getirmek üçin benziniň ýanma reaksiýasyny ulanýarys ýa-da öýlerimizi ýylatmak üçin kömüriň, agajyň ýa-da tebigy gazyň ýanma reaksiýasyny ulanýarys.

 Esasanam, ösýän ýurtlarda ýyladyş ýa-da nahar bişirmek üçin esasan agaç we kömür ýaly bio-ýangyç ulanylýar.  Şeýle-de bolsa, kömür we agaç ýaly gaty ýangyçlar ýakylanda adamyň saglygyna zyýanly tüsse çykarýar.  Aslynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, gaty ýangyjyň tüssesi sebäpli her ýyl 4 milliona golaý adam zäherlenip aradan çykýar.

Gaty ýangyjyň ýakylmagy sebäpli köp tüssäniň çykmagynyň sebäbi ýanma reaksiýasynyň gutaryp bilmeýänligi bilen düşündirilýär.

Ýanma reaksiýasynyň ýüze çykmagy üçin üç zat zerur. Ýagny ýangyç, kislorod we ýylylyk.  Oňa ýanýan üçburçluk diýilýär.  Köp faktor bu gatnaşygy üýtgedip biler, mysal üçin sowuk şemal temperaturany peseldip, ýangynyň doly bolmazlygyna sebäp bolup biler ýa-da kislorodsyz ýangyjyň ýanmagy reaksiýany duruzyp biler.  Şeýle ýagdaýlarda ýanmak reaksiýasy doly bolmansoň, kül, kömürturşy gazy we azot oksidi galýar.

Toýgeldi MUHAMMETGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok