Arkadag Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýylyň-ýylyna täze, döwrebap binalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda: «Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamyny ösdürýäris» diýip belledi.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmegiň esasy maksady, wezipeleri we ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynda maglumatlar goruny döretmek, sanly elektron göterijilerdäki saklanylýan maglumatlary daşky täsirden goramak meselesi hem ýüze çykdy. Maglumat iň möhüm gymmatlyklaryň biri bolup, onuň zerur ýagdaýda gizlin saklanylmagy we goralmagy derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly bilim ulgamynda bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Aragatnaşyk ulgamy hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly depginlerde ösýär. Muňa däp boýunça her ýyl ýurdumyzda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň halkara maslahaty-da şaýatlyk edýär. Bu ýyl «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara maslahat onlaýn görnüşinde geçirilip, onuň ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şol bir wagtyň özünde hem bu ulgamda hyzmatdaşlyk edýän kärhanalardyr ylmy edaralar bilen tejribe alyşmakda uly ähmiýeti bardyr. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde milli we daşary ýurt hünärmenleriniň özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmaklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine täsirini ýetirýär.
Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar. Olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerurdyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52°E» Milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk esaslaryny döretmegi, berkitmegi, seljermegi talap edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Milli garaşsyz aragatnaşyk ulgamymyzyň bolmagy, ösen tehnikalary ýerli hünärmenlerimiziň dolandyryp bilmegi buýsandyryjy ösüşdir. Bu bolsa ýurdumyza sanly gurşawdaky hyzmatlary ösdürmäge hem-de sebitde we dünýäniň dürli döwletlerine hemra aragatnaşyk ulgamy boýunça hyzmatlary satmak mümkinçiligini berýär.
Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ulgamynyň göwrümini giňeltmek, billing hasaplamalarynyň enjamlar toplumyny we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak, Türkmenistanyň FM radioýaýradyş zolagyny giňeltmek, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman, sanly telefon beketlerini hem-de Halkara-şäherara sanly telefon bekedini gurnamak, Internet ulgamyny ösdürmek maksady bilen gigabit tizlikli içerki aragatnaşyk ulgamyny gurmak, radioýygylyklar toplumlaryny seljermek maksady bilen stasionar hereketli radiomonitoring enjamlar toplumyny satyn almak taslamalary durmuşa geçirilýär. Kämil maglumat geçiriş ulgamy, ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň barha artmagyna, elektron resminama dolanyşygyna, maglumat geçirijiligine we netijede önümçiligiň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Akmämmedowa Akgül
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy
Teswirler