Ýurdumyzda ýüpekçilik ösdürilýär

Şu ýyl ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda iki milliona golaý tut nahaly oturdyldy. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläni öndürmekde öňdebaryjy bolup durýar.

Welaýatda her ýyl 500 tonna golaý pile taýýarlanylýar. Tut agajy diňe bir pile üçin däl eýsem ekologiýa hem oňaýly täsirini ýetirýär. Tut ekin meýdanlaryndaky beýleki ösümlikleri güýçli ýelden goraýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, suwuň bugarmagyny we oba hojalyk ekinleriniň suwa bolan talabyny azaldýar, gurakçylygyň ýaramaz täsirini peseldýär diýlip hasap edilýär. Hut şu maksat bilen hem tut agajy oba hojalyk ekinleriniň töweregine we welaýatyň suw çeşmeleriniň ugruna ekýärler. Tut agajy suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär. Tut nahallary yssa we gurakçylyga çydamly, toprak dannamaýar.

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýüpekçilik oba hojalygynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanylýar. Sebitde tut atyzlary iki müň gektardan gowrak ýer tutýar. Şeýle hem bu ýerde tut agajy şäher bezeginde ulanylýar. Adamlar onuň miwelerini terligne iýýärler we mürepbe taýýarlaýarlar. Tuduň agajyndan saz gurallary, gap-gaç, ownuk-uşak zatlar ýasalýar. Onuň ýapragynda ýokumly minerallar we maddalar bar.

Yslam BAÝRAMMYRADOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok