Okeanlara dökülýän nebiti arassalamak üçin ýörite bakteriýalar oýlanylyp tapyldy

Kwebek uniwersitetinde döredilen bakteriýalar, nebitiň dökülmeginden ýabany tebigatyň hapalanmagyna getirýän zyýanyň öňüni alar diýip umyt edilýär.

Giňişleýin howpsuzlyk çärelerine we bu ugurdaky köp aladalara garamazdan önümçilik zawodlaryndan şeýle-de beýleki serişdelerden nebitiň dökülmeginiň öňüni alyp bolmaýar. Bu syzyşlar ilkibaşda ummanlara täsir etse-de, janly-jandarlaryň üýşüp ýaşaýan ýerlerini ýaşalmaz ýaly derejä getirýär.

Kwebek uniwersitetiniň alymlary bu ýagdaýyň çözgüdini gözläp, täze bakteriýalary oýlap tapdylar. “Alcanivorax borkumensis” diýip atlandyrylýan bakteriýa, nebit we tebigy gaz komponentlerini sarp etmegiň hasabyna ýaşaýar.

Bu açyşyň aňyrsyndaky topar, iň köp bakteriýa hatda iň weýrançylykly nebit dökülýän ýerleri hem arassalap biler diýip pikir edýär. Nebitiň yzygiderli dökülmegi ekologlary aladalandyrýar. Täze açyş nebitiň dökülmeginden emele gelýän hapalanmany ýok etse-de, daşky gurşawda yzygiderli köpelýän we gözegçilik edip bolmaýan bakteriýalar goýberilse, agyr netijelere hem sebäp bolup biler diýlip çaklanylýar.

Täze bakteriýalary ýagyň galyndylaryny arassalamak üçin aňsat ulanyp bolýar. Şu wagta çenli geçirilen synaglarda “alcanivorax borkumensis” bakteriýalary suwda we toprakdaky nebit önümlerini ýok etmekde üstünlikli netijeleri berdi.

Bibimerýem GAÝYPOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we awtomatika”
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok