Türkmenistan we Sanly bilim

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we ş.m. bilen üpjün edildi.  

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.

Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da tas­syk­lan “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ýurt­da san­ly ul­ga­ma geç­mek­lik­de bi­lim ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir.

San­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­la­rdyr hü­när­men­le­riň, şeý­le-de bi­lim al­ýan­la­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Şeý­le­lik-de, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­riň we mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň bu ugur­da taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si hem öňe çy­ka­ryl­ýar.

Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna birikdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň ählisine öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň, uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, wideoşekilli maslahatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen ýygy-ýygydan guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.

.

Hakberdi JUMAÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok