Milli ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynda ykdysady nazaryýet, aýratyn hem bazar ykdysadyýeti şertlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Öňdebaryjy dünýä tejribesi, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşde artykmaç orna eýedigini görkezýär. Döwletiň esasy wezipesi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny giň gerimi bilen gurşap alýar. Bazar ykdysadyýeti kemala gelen halatynda hem, döwletiň kadalaşdyryş wezipesi esasy orunlaryň birini eýeläpdi. Wagtyň geçmegi bilen döwlet kadalaşdyrylyşynyň diňe wezipeleri, görnüşleri gurallary we onuň möçberleri üýtgedi. Bu prosessiň häzirki döwürde hem, ykdysatçy alymlar tarapyndan yzygiderli esasda kämilleşdirilýändigini bellemek mümkindir.
Bazar ykdysadyýetine döwletiň täsir etmegi, onuň kemala gelşiniň we ösüşiniň tapgyrlarynda dürli-dürli bolupdy. XVII-XVIII asyrlarda bazar gatnaşyklarynyň dörän döwründe şol wagt agalyk eden ykdysady taglymat – merkantilizm – ýurtda söwdanyň we senagatyň ösdürilmegi üçin döwlet kadalaşdyrylyşynyň gürrüňsiz zerurlygynyň ykrar edilmegine esaslanypdy.
Fiziokratlar hem merkantilistleriň pikiri bilen ylalaşmaýardylar we erkinligi, ilkinji nobatda, söwdanyň erkinliginiň talabyny aňladýan «Lansser faire» diýen ýörelgäni öňe sürýärdiler. Fiziokratlaryň nukdaýnazarynda döwletiň esasy aladasy – tebigy hukuk diýlip atlandyrylýan goragy üpjün etmek, onuň esasy bolup hususy eýeçilik durýar.
Bazaryň deň agramly nazaryýetini döredenleriň we hojalygy ýöretmegiň amatly düzgünini emele getirenleriň neoklassyk ugrunyň wekilleri bazaar ulgamynyň öz-özüni kadalaşdyrmagynyň ornunda çykyş edýärdiler. Ykdysadyýetiň hereket etmegine döwletiň kömegini artykmaç, üstesine hem zyýanly hasap edýärdiler.
Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň keýnsiançylyk nusgasy özüniň netijeliligini diňe bir 30-njy ýyllarda we Ikinji jahan urşy döwründe däl-de, eýsem, uruşdan soňky döwürde hem görkezipdi. Geçen asyryň 50-60-njy ýyllarda halk hojalygyny dikeltmek, üýtgedip gurmak we rekonstruksiýalaşdyrmak döwletiň işjeň gatnaşmagy esasynda amala aşyryldy. 50-nji ýyllar we 70-nji ýyllaryň başy keýnsiançylyk nusgasynyň dabaralanan döwri hasaplanylýar. Nazaryýetde keýnsiançylyk taglymaty J.Keýnsiň pikirine görä, döwletiň merkezi wezipesi girdejiniň artmagyna alyp barýan «netijeli islegiň» ýokary möçberini üpjün etmekden ybaratdyr.
Häzirki zaman Türkmenistan üçin durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetini emele getirmegiň esaslaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek häsiýetlidir. Durmuş bazar ykdysadyýetiniň esasy düzüjileri bolup döwlet we bazar çykyş edýär. Şunda durmuş hal-ýagdaýy bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky gatnaşyk berk ýagdaýda aňladylmaly däldir, sebäbi ol, gürrüňsiz, ykdysady ulgamyň nusgalarynyň (ýurda, onuň ösüşine, mümkinçiligine, raýatlaryň aň-düşünjesine) durmuşa geçirilişiniň anyk şertlerine baglydyr. Şonuň bilen birlikde, durmuş bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň tapgyrynda beýleki ykdysady ulgamlar bilen deňeşdireniňde artykmaçlyga eýedir, sebäbi olar nusgalary döretmäge mümkinçilik berýärler, olar dürli şertlerde has uly oňyn ykdysady we durmuş netijelerine getirýärler.
Agahanowa Roza
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy
Teswirler