Külalçylyk iň gadymy halk senetleriniň biri hasaplanýar. Toýundan küýze ýasalyş usullary ata-babalarymyzdan bäri nesilden-nesle geçip gelýär. Asyrlaryň dowamynda işlenilip taýýarlanan şekilleriň çeýeligi, çig malyň sadalygy we ýönekeýligi häzirki döwürde külalçylyk sungatynyň täzeden ösmegine we giňden meşhur bolmagyna itergi berdi. Keramika ilkinji nobatda plastika taýdan tekiz, ýalpyldawuk, aşa ýylmanak, büdür-südür, durnuksyz üst ýüzleriniň we şekilleriň köpdürlüligi, şeýle-de ýylpyldysyz we syrçalanan üstleriň dürli sazlaşygyndaky reňk baýlygy ýaly täsirli serişdelere eýedir.
Türkmen külalçylarynyň döreden eserleri taslama we şekiliň özboluşlylygy, ýagty hem-de reňkli owadan sudurlary, suratkeşleriň reňkli syrçalary, şeýle-de ýordum şekillerini hem-de milli bezeg aýratynlygynyň baý nagyşlaryny ussatlarça peýdalanmak ukyby bilen tapawutlanýarlar. Gazanylan bu üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň külalçylyk sungatynyň ýaş wekilleri tarapyndan ösdürilýär we kämilleşdirilýär, olar diňe bir halypalarynyň toplan tejribelerini özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem täze çeperçilik ýollary gözleýärler.
Häzirki zaman külalçylyk sungatynyň tanymal wekilleriniň biri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewadyr. Ýaş suratkeşiň döredijiliginde halk sungatynyň we milli däpleriň arabaglanyşygy aýdyň duýulýar. Ol gündelik durmuşda ulanylýan zatlar, jaýyň içki görnüşi üçin haşam bezegler, keramiki heýkeljikler, şeýle-de suratkeşiň köp ýüzlenýän kiçi ölçegli özbaşdak stanok heýkeller hökmünde kabul edilýän çaga oýnawaçlaryň dürli görnüşlerini döredýär. Suratkeşi türkmen şygyrýeti, taryh we ertekiler dünýäsi gyzyklandyryp, “Gökdepe söweşi” (2007), “Aşyklar” (2008), “Milli miras” (2008), “Miras. Geçmişi ýatda saklalyň” (2013), “Miras. Zenan hudaýy” (2013), “Güller” (2014), “Nefrit” (2015), “Sport” (2015), “Toýa taýýarlyk” (2015) ýaly ençeme özboluşly eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Külalçylyk sungatynyň esaslaryna dogry düşünmek, tehniki serişdeleri ele almak ýaly aýratynlyklar suratkeşiň döredijilik ýolunyň entäk uly bolmadyk tapgyrynda döredilen eserler ýygyndysynda görmek bolýar. Keramika önümlerini taýýarlamagyň çylşyrymly we köp zähmeti talap edýän işinde Gülara ýaş şägirtlerine ýokary yhlas bilen bilim berýär. Gülaranyň ýolbaşçylygynda ýaş külalçylar syrçanyň, angobyň dürli görnüşleri bilen üstünlikli iş salşyp, önümleri haşamlama, nagyşlama, güberçek şekiller bilen bezeme ýaly çeperçilik usullaryny utgaşdyrýarlar. Şonuň bilen bir wagtda talyplar artykmaç çylşyrymlylykdan gaça durup, bitewiligi we belli bir keramika önüminiň täsirliligini gazanmaga çalyşýarlar.
Gülara Babaýewanyň aýtmagyna görä, külalçylyk önümi döretmek üçin suratkeşe ilkinji nobatda üç sany wajyp zatlar – “toýun, hyýal we elleriň ýylylygy” gerek bolup, diňe şondan soňra ajaýyp sungat eseri döreýär. Gülaranyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar täze şekilleri döretmek, enjamlary we çig mallary tehniki özleşdirmek boýunça yzygiderli hem-de önjeýli zähmet çekýärler. Dürli küýzeleriň we haşam önümleriň anyk hem-de aňrybaşy şekillerini gazanmakda kämilleşdirilen küýze ýasalýan enjamlar bilen bir hatarda ştamplama we gips galyplaryna guýma tehnikalary hem ulanylýar. Çig mal bilen işlemekde bu çylşyrymly okuw işini geçenden soňra keramika önümleri özbaşdak ýaşamaga başlap, durmuşymyzyň bezegine öwrülýärler.
Gülara Babaýewanyň külalçylyk sungaty türkmen amaly-haşam sungatynda diňe bir köne çeperçilik däpleriň ösüşini däl, eýsem keramiki önümleriň täze nusgalaryny döretmekde uly üstünlikli işiň alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.
.
Aýjan KADYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri.
Teswirler