Mekdebiň hökmany suratda uzyn dälizli, uly synp otagly, arakesmeli bolmagy hökman bolman hem biler. Dünýäniň dürli künjeklerinde daşky görnüşinden tä okuw programmasyna çenli tapawutlanýan adaty bolmadyk täsin mekdepler bar.
Geliň, şolaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:
Gowakdaky mekdep – iň üýtgeşik mekdepleriň biri. Ol Hytaýyň Guýçžou welaýatynyň Ziýýun obasynda ýerleşýär. Maglumatlara görä, maliýe taýdan dürli sebäpler üçin mekdep gowakda ýerleşdirilipdir, soňlugy bilen uzynlygy 230 metr bolan uly gowakda mekdep gurmak kararyna gelnipdir. Şondan bäri hem bu mekdepde sekiz mugallym tarapyndan degişli dersler boýunça ýüzlerçe çagalara bilim bermeklik dowam etdirilip gelinýär.
Ýüzýän mekdep – ol Kambojada ýerleşýär. Mekdep Tonlesap kölünde bolup, onda esasan hem balykçylaryň çagalary okadylýar. Suwuň üstünde adaty gaýykdan ulurak bolan bu kiçijik gämini öz içine alýan bu mekdepde az sanly çagalara bilim berilýär. Muňa garamazdan ýüzýän mekdep özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle ýüzýän mekdepler Bangladeşde hem bar. Bu ýerde 100-e golaý ýüzýän mekdepler bolup, olar kiçijik kitaphana, noutbuklar bilen üpjün edilen. 2002-nji ýylda ulanyşa girizilen bu mekdeplerde eýýäm 70 müňe golaý çagalar bilim aldylar.
Çarwa mekdebi – Uzak Gündogarda (Ýakuti) çarwa çopanlaryň çagalary üçin niýetlenen göçme mekdepdir. Ondan öň çarwa çopanlaryň çagalary administratiw merkezlerdäki mekdeplerde ene-atasyndan uzakda okadylýardy. Şol sebäpli niýetlenen bu mekdep iki sany synp otagyndan ybarat bolup, ol sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýerasty mekdep – “Terraset” diýlip atlandyrylýar. Ol 1970-nji ýylda ABŞ-da energiýa krizisi ýüze çykanda gurlupdyr. Adaty mekdepler bilen deňeşdirilende, ol ýylylygy we energiýany az talap edýär, netijede energiýa az tygşytlanýar.
Başdan geçirmeler mekdebi – ABŞ-nyň Kolorado ştatynda ýerleşýär. Mekdebiň esasy aýratynlygy adyndan hem belli bolşy ýaly, her ders özüniň degişli ýerinde hem geçilýär. Mysal üçin, geografiýa, biologiýa derslerinde çagalar tebigata gezim edýärler, janly dünýäni ýakyndan öwrenýärler. Umuman, bu mekdepde okamaklyk birnäçe ýyllap dowam edýän gyzykly başdan geçirmä meňzeýär.
Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler