Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Abiwerd” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylan ussahanada tapylan arheologik tapyndylar, bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini subut edýär. Onda “simap küýze” diýlip atlandyrylýan gaplar hem öndürilipdir. Olar köplenç garamtyl-çal reňkde bolup, daşyna gül şekilli ýa-da göni çyzyklar we basma möhürli nagyşlar bilen bezelipdir.
Türkmen alymlary tarapyndan Abiwerd galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Şol gymmatly tapyndylaryň 40-a golaýy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip gowuşdy we muzeýde oňa bagyşlanyp “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek” atly dabaraly çäre geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, “Abiwerd” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň işgärleri, ýurdumyzyň alymlary, arheologlary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmäge mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar barada hem çykyş etdiler.
Ogulmaral Orazowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni
Teswirler