Milli bilim ulgamynyň batly gadamlary

Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar.

Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim babatda kuwwatly döwlete öwürmek maksadyndan ugur alýan milli bilim syýasaty täze üstünliklere beslenýär. Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Bilimiň hemmelere wajypdygyny nazara alyp, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilendir. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyz ynsanperwerlik ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda matematika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň onlarçasy hereket edýär. Bu görkezijiler geljekki nesil barada aladalaryň döwlet syýasatymyzyň baş ugurlarynyň biri bolup durýandygyny subut edýär.

Süleýman REJEPOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok