Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin çagyrandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan üçin şu duşuşygyň ähmiýetiniň ulydygyny berk belledi.

«Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdy mejlise Türki geňeşiniň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibi örän baý bolup, Döwlet Baştutanlary Geňeşiň geljegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu ugurda birnäçe wajyp çözgütleri kabul etdiler. Şonuň ýaly-da, häzirki sebit hem-de halkara ähmiýetli syýasy we ykdysady wakalar dogrusynda giňişleýin pikirler alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hem bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda eden täsirli çykyşynda, duşuşygyň taryhy ähmiýetli möhüm waka bolup, ol Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen özara hereketleriniň täze tapgyrynyň başyny başlaýar diýip belläp geçýär. Öz çykyşynyň dowamynda milli Liderimiz bu geňeşiň işini gowulandyrmak babatda öz tekliplerini aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny, şeýle-de hyzmatdaşlygy doly anyklaşdyrmak, bilelikde diplomatik we beýleki ileri tutulýan ugurlarymyzy görkezmek has netijeli bolar diýip nygtap geçdi. Şeýle hem, ulag we energetika ulgamlary ýaly strategik ugurlar, ekologiýa, ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet babatda hem täsirli çykyş etdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça «2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, Türkmenistanyň Geňeşe synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi barada çözgüt kabul edildi. Mundan başga-da, hyzmatdaş-ýurtlaryň hem-de synçy-döwletleriň derejeleri kesgitlenildi. Bu geçirilen ýokary derejeli duşuşyk türki dilli döwletleriň çäklerinde köpugurly gepleşikleriň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjek ähmiýetli resminamalaryň ençemesiniň kabul edilmegi möhüm taryhy sahypany açyp, geljekde döwletleriň sazlaşykly ösjekdiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Seýle hem, 2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşandygy hem aýratyn bellärlikli waka bolup, köptaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Döwlet baştutanlaryň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşigiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda R.Meredow Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak arkaly, halkara parahatçylygynyň, ählumumy howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň goldanmagy we berkidilmegi babatdaky tagallalaryň birleşdirilmegini Geňeşiň işine gatnaşmagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykarýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn özara hereketleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şonuň ýaly-da halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredilip geçildi.

Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok