Çagalaryň aglaba bölegi sakgyç çeýnemgi aşa halaýarlar we ony birnäçe sagat hem çeýnemäge taýýar. Ata-eneleriň köpüsi bolsa bu süýjilige garşy bolýarlar. Uly adamlar sakgyjyň çaganyň garyn we içege traktyna, dişlerine zyýanly täsir edýär diýip hasaplaýarlar.
Peýdaly taraplary. Sakgyç çeýnemegi diňe zyýanly diýmek, megerem, dogry bolmaz. Ony çeýnemegiň käbir peýdaly taraplary-da bar. Ýöne olaryň ählisi diýen ýaly diňe sakgyç aram möçberde çeýnelen wagty ýüze çykýar.
Sakgyjyň çeýnelmegi çaganyň organizmi tarapyndan edil iýmit iýlişi ýaly kabul edilýär we şol bir netijeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şolaryň biri-de tüýküligiň emele gelmeginiň ýokarlanmagy bolup, ol dişleriň ýüzündäki iýmit galyndylarynyň aýrylmagyna we agyz boşlugynda kislota-aşgarynyň dikeldilmegine kömek edýär. Bu deňagramlylygyň sakgyjyň kömegi bolmadyk halatynda-da biraz haýalrak hem bolsa örän oňat dikelýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, sakgyjyň çeýnelmegi aşgazan şiresiniň bölünip çykarylmagyny güýçlendirýär, ýagny iýlen iýmitiň siňdirilmegine hem ýardam edýär.
Äň bognunyň berkemegi güýçli depginde sakgyç çeýnemegiň tebigy netijesi bolup durýar. Käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle netijäni peýdaly hasaplamak bolar. Çünki häzirki zaman iýmiti äňe ýeterlik derejede agram bermeýär. Sakgyç bolsa bu ýetmezçiligiň üstüni ýetirýär.
Zyýanly taraplary. Şol bir wagtyň özünde eger-de, sakgyç aşa köp çeýnelse, onda onuň çaga organizmine edýän täsiri zyýanly häsiýete eýe bolýar. Sakgyç çeýneleninde ýüze çykýan tüýküligiň çalt depginde bölünip çykarylmagy, çaganyň özbaşdak tüýkülik öndürmeginiň kadasyny bozup biler. Netijede, onda agzyň nemli bardasynyň guramagy ýa-da beýleki ýakymsyzlyklar ýüze çykyp biler.
Aşa köp sakgyç çeýnemegiň netijesinde ýüze çykyp bilýän aşgazan şiresiniň işlenip çykarylmagynyň çendenaşa güýçlenmegi has uly kynçylyklara getirip hem biler. Eger şol wagtda çaganyň garnynda şiräniň täsir etjek iýmiti bolmasa, onda iýiji kislota aşgazanyň diwarjyklaryny iýip başlar. Bu bolsa gastrite (aşgazanyň nemli bardasynyň çişmesi) we hat-da uzak bejergi talap edýän ýazwa (aşgazanyň baş keseli) eltip biler.
Sakgyç çeýnemegiň çaganyň äň gurluşyna edýän täsirini hem diňe peýdaly diýip atlandyryp bolmaz. Sakgyjyň çendenaşa işjeň çeýnelmegi äň bogunlarynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, berkemedik dişlere agram salýar. Munuň netijesinde bolsa olar gowşap, dişleriň gysylmagyna zyýan ýetirip biler.
Newrologlaryň arasynda bar bolan pikire görä, sakgyjy köp çeýneýän çagalarda köplenç aýdyň sözleýiş we gepleýşiň ösüşi bilen baglanyşykly kynçylyklar hem ýüze çykyp bilýär.
Eger-de, siziň çagaňyzyň allergiýasy bar bolsa, sakgyç onuň alamatlarynyň ýitileşmeginiň sebäbi bolup biler. Sebäbi onuň düzüminde her hili himiki maddalaryň, şol sanda güýçli allergenler diýlip hasaplanýan maddalaryň uly möçberi bardyr. Ýiti tagamly, ysly we reňkli sakgyçlar bu uhurda aýratyn howply bolup durýar.
Eger-de, siziň çagaňyz sakgyjy yzygiderli ýuwudýan bolsa, onda munuň özi alada galmaklygyň ýene-de bir sebäbidir. Sakgyjyň aşgazana düşmegi iýmit siňdirişiň kadaly işleýşiniň bozulmagyna getirip biler. Sakgyjyň içegede toplanmagynyň bolsa, onuň dykylmagyny emele getirmegi, bu meselede lukmançylyk kömeginiň gerek bolmagy hem mümkindir.
Sakgyç çeýnemegiň düzgünleri. Görşümiz ýaly, sakgyç çeýnemegiň peýdasyndan zyýany köpdür. Emma çagalara şunuň bilen bagly ýüze çykyp biläýjek howpy welin düşündirmek örän kyn. Şol sebäpden-de, belli bir düzgünleri ýola goýup, çaganyň öz söýgüli işini etmegine-sakgyç çeýnemegine rugsat berip bolar.
Şeýlelikde, sakgyjy diňe nahardan soň, belli bir wagtyň dowamynda çeýnemeli. Onuň ähli peýdaly aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy üçin 5-10 minut hem ýeterlikdir. Sakgyjy köp çeýnemeklik bolsa erbet netijelere eltip biler.
Çaganyň çeýneýän sakgyjynyň mümkin boldugyça reňksiz, tagamsyz we yssyz bolmagyny gazanmaga çalyşyň.
Çaganyň sakgyjy çeýnäp bolanyndan soň ony ýuwutman, tüýkürmegine hem aýratyn gözegçilik ediň! Eger-de, çagaňyz sakgyjy köp we ölçegsiz çeýnemäge öwrenişen bolsa, onda onuň çeýnelýän wagtyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly. Çaga sakgyja derek agzyňda kem-kemden ereýän, çeýnelýän süýjüleri bermek hem maslahat berilýär.
Haçan-da tamamlananda, çaganyň özüne ýene bir süýji bermek baradaky ýalbar-ýakaryna hä bermäň. Çaganyň sakgyç çeýnemän oňmagy üçin belli bir wagt aralygyny goýuň. Elbetde, körpä sakgyç çeýnemegiň dişleri günde iki gezek arassalamak zerurlygynyň ornuny tutmaýandygyny düşündirmeli.
Şeýle ýönekeý düzgünler arkaly çagaňyzyň diňe bir dişleriniň sagat bolmagyny däl, eýsem, çenden aşa sakgyç çeýnemegiň netijesinde iýmit siňdiriş ulgamynda ýüze çykýan beýleki meseleleriň bolmazlygyny üpjün eder.
.
Şirin ARSLANOWA,
S. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň 209-njy toparynyň talyby.
Teswirler