Keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek

DÜMEW KESELLERI

Wiruslar arkaly döreýän,dem alyş ýollarynyň:burnuň, bokurdagyň, traheýanyň, bronhlaryň nemli bardasynyň  käte konýunktiwanyň (gözüň nemli bardasy) zeperlenmegi bilen geçýän ýokanç keseller “ýiti respirator wirusly ýokançlar diýlip atlandyrylýar. Dümew (grip) hem olara degişlidir.

Häzirki wagtda bu keseliň islendik adama ýokuşyp bilýän A,B,С görnüşleri bardyr. Wirus sagdyn adama syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden geçýär. Olar gepleşende, asgyranda, üsgürende dem alyş ýollaryndaky wiruslar tüýkülik, gakylyk, burun nemli arkaly daşary çykyp, howa ýaýraýar. Sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär we nemli bardanyň daşky gatlagynyň (epiteliý) öýjüklerinde ornaşýar  hem-de ony zeperlendirip ugraýar. Dümewiň wiruslary bedende köpelýärler we endotoksin (zäherli madda) bölüp çykarmak bilen bedene zäherlendiriji täsir edýärler (intoksikasiýa). Olar şeýle hem, durmuş hajatly zatlar: gap-gaç, polotense, oýnawaçlar, gapynyň tutawajy,telefonyň trubkasy arkalty galtaşma ýoly bilen geçip bilýär.

Dümewiň wirusy örän ýokuşagan bolup, onuň ýylyň islendik paslynda (köplenç güýzde we gyşda) çagalara-da, uly ýaşly adamlara-da ýokuşmagy mümkin. Kesellemeden soň gazanylan immunitet adatça gysga wagtlaýyn bolýar. Dümewiň wiruslary üýtgäp durýär. Olaryň täze görnüşleri peýda bolýar.

NÄHILI ALAMATLARA ÜNS BERMELI?

Dümewiň wirusy adam bedenine aralaşandan soň 1-3 günüň (käte birnäçe sagadyň) dowmynda keseliň görnüp duran alamaty ýüze çykmaýar.Kesel aglaba ýagdaýda duýdansyz başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýär, gyzdyryp, üşüdip ugraýar. Bedeniniň gyzgynlygy 39-40 ºС, käte ondan hem ýokary derejä ýetip bilýär we gaýra üzülmeler ýok bolan halatlarynda 2-5 günläp saklanýan. Kellesi (köplenç maňlaý, çekge, gaşyň üsti töweregi), bogunlary, myşsalary agyrýar, endam-jany owranyp barýan ýaly bolýar. Ýüzi gyzarýar, ýellenýär, dodaklary we nemli barda gök öwüşgine eýe bolýar. Onuň gusmagy, ýüreginiň bulanmagy, burnunyň ganamagy, galýusinasiýanyň (göz görünme) we ýagtylykdan gorkmanyň ýüze çykmagy mümkin.

Keseliň bildirip ugran sagatlaryndan başlap ýa-da ertesi kataral hadysalar (burnuň dykylmagy, bokurdagyň gijemegi, gözüň ýaşarmagy, gury üsgülewük, agyryly ýuwdynma) peýda bolup bilýär. Beýleki ýiti respirator wirusly ýokançlar burnuň dykylmagy, akmagy, üsgülewük esasy kataral alamatlar hasaplanýar. Dümew olardan umumy zäherlenmäniň has agyr geçýändigi bilen tapawutlanýar.

SYRKAW ÇALT GUTULSYN DIÝSEŇIZ…

Kesel köplenç agyr, seýrek ýagdaýlarda alamatlary açyk aýdyň bildirmeýän, hassanyň umumy ýagdaýy onçakly erbetleşmeýän ýeňilräk görnüşde geçýän. Iki ýagdaýda-da dem alyş ýollarynyň nemli bardasy wirus arkaly zeperlenýär. Ýatymlaýyn şertlerde we lukmanyň gözegçiligi astynda bejeriş geçirilmedik halatlarynda öýken sowuklamanyň (pnewmoniýa) burnuň goşmaça boşluklarynyň we orta gularyň gaýnaglamasynyň (gaýmorit we otit), ýürek zeperlenmeleriniň ýüze çykmagy mümkin. Bejeriş çäreleriniň geçirilmeli ýerli (hassahanada, Saglyk öýünde ýa-da öýde) baradaky meseläni maşgala we ýokanç keseller lukmany çözýär. Olar wiruslara garşy täsirli hem-de keseliň alamatlaryny aýyrýan dermanlary belleýärler.

Bejeriş öý şertlerinde geçirilende syrkaw 18-20 ºС gyzgynly aýratyn otagda ýerleşdirilýär hem-de aýrybaşga ýorgan-düşek, gap-gaç bilen üpjün edilýär. Oňa garaşyk edýän maşgala agzasy 4-5 gat hasadan tikilen we deslapdan ýuwlup, ütüklenen örtük (maska) bilen agzyny-burnuny ýapmalydyr. Örtügi her 2 sagatdan arassasy bilen çalşyp durmak zerurdyr. Syrkaw gyzdyrýan günlerinde ýerinden galman ýatmalydyr. Bedeniniň gyzgyny 38.5 ºС dan ýokarlananda oňa diňe lukmanyň maslahaty bilen gyzgyny peseldiji dermanlary içirmek mümkindir. Käbir adamlar gyzdyranda aspirin içýärler. Bu nädogrudyr. Dümewde gany suýaldyjy dermanlaryň ulanylmagy erbet netijelere getirip bilýär.

Gyzdyrýan syrkawyň egin-eşigini ýeňletmeli. Maňlaýyna sowuk kompres goýmaly. Oňa sowugrak suwuklyk içirmeli. Eger üşedýän bolsa, onda aýaklarynyň aşagyna grelka goýmaly. Onuň içindäki suwuň gyzgynlygy 40 ºС barabar bolmalydyr. Näsaga gyzgyn çaý bermeli.

Dümewden ejir çekýän syrkawa  düzüminde A we С witaminlerini saklaýan önümlerden taýýarlanan  içgileri (itburun gaýnatmasy, käşir, alma we beýleki gök önümlerdir miweleriň şiresi, bulduragan (malina), garagat (smorodina) mürepbesi garylan ýa-da limon atylan çaý, ýylyjak mineral suwlar) köp mukdarda içirmeli. Onuň iýmiti ýeňil özleşýän  we beloklara  baý önümlerden (ýagsyz mal we guş eti, balyk, hozlar we ş.m) düzüminde tebigy fermentleri saklaýan ter gök önümlerden, miwelerden, turşy süýt önümlerinden ybarat bolmalydyr. Olary 6-7 gezege bölüp, az-azdan iýdirmeli. Nahardan soň näsaga  iýmit sodasynyň gowşak ergini (200ml suwa ½ çaý çemçe soda) bilen agzyny çaýkamaga kömek etmeli.

Her gezek iýip-içenden  soň syrkawdan galan nahary dökmeli. Onuň ulanan gabyny iýmit sodasynyň 1%-li ergininde (1litr suwa 2 çaý çemçe soda) 5 minutlap gaýnatmaly. Elýaglygyny, ýatylýan eşigini, ýorgandaşydyr ýassykdaşylaryny kir ýuwujy serişde garylan suwda gaýnatmaly.

Syrkawyň ýerleşen otagyny  wagtal-wagtal ýelejiretmeli. Otagy 1%-li hloraminiň erginine öllenen esgi bilen süpürip durmaly. Syrkaw bilen her gezekki  galtaşykdan soň elleriňi sabynlap ýuwmaly.

Ähli ýiti respirator wirusly kesellerde bolşy ýaly, dümewde hem özbaşdak bejeriş geçirmek maslahat berilmeýär. Lukmana näçe ir ýüz tutulsa, keseli tiz we gutarnykly bejermäge şonça-da köp mümkinçilik döreýär.

Wiruslara garşy dermanlary (kagosel, interferon, anaferon, remantadin, oksolin mazy) kesel başlanandan soň ilkinji 48 sagadyň dowamynda (lukmanyň maslahaty bilen) ulanmak möhümdir. Hünärmen üsgülewüge garşy dermanlary bu alamatyň häsiýetine (gury ýa-da gakylykly) görä belleýär. Ol şeýle hem, dermanlyk otlaryň: çopantelpegiň (romaşka), bidenegiň (şalfeý), sarygülüň (zweroboý), sosnanyň  pyntyklarynyň melhemlikleriniň  bugundan dem almagy (ingalýasiýa) maslahat berýär.

DIKELDIŞ DÖWRI 

Dümewiň esasy aýratynlyklarynyň biri kesel bejerilenden soňky dikeldiş döwrüniň uzak wagtlap dowam edýändigindedir. Syrkawyň gyzgyny  peselip, esasy alamatlar ýok bolandan soň “ýokançdan soňky asteniýa” (gowşaklyk) diýlip atlandyrylýan ýagdaýyň ýaýbaňlanmagy mümkin. Ol ysgynyň gaçmagy, derlegenlik, wagtal-wagtal kelläniň agyrmagy, ukynyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär.  Bedeniň gyzgynlygy käte 37,1 – 37,2 ºС-da saklanýar, käte bolsa 35,9 – 36,2 ºС çenli peselýär.

Dikeldiş döwründe bedeniňe  fiziki we psihiki agram saklamakdan saklanmaly. Iň gowusy düşekde ýatmaly. Lukmanyň bellän witamin –mineral  toplumlaryny kabul etmeli. Immuniteti berkidýän dermanlyk ösümliklerden (ženşeniň köki, eleuterokokk, limon oty, sarygül, çopantelpek we ş.m.) taýýarlanan melhemlikleri içmeli.

Dikeldiş döwründe peýda bolýan käbir alamatlar keseliň gaýra üzülmeleriniň ýüze çykandygyny habar berýär.

• Bedeniň temperaturasynyň yzygiderli üýgäp durmagy gaýnaglama hadysalarynyň ösýändigini görkezýär. Ýokanç ojagyny  tapmak üçin dessine anyklaýyş işlerini geçirmeli. Meselem, syrkawyň gyzdyrmagy ýürek bulanma we kellagyry bilen utgaşanda meningiti ýa-da ensefaliti güman etmek mümkindir.

• Döşde agyrynyň döremegi, ýürek ritminiň bozulmagy, dem almagyň kynlaşmagy miokarditiň ýa-da perikarditiň ýüze çykandygyny  aňladýar.

• Syrkawyň 1-2 hepdeläp  güýçli gydyrmagy, üznüksiz üsgürmegi, ýaşylymtyl-goňrumtyl şepbeşik gakylygyň bölünip çykmagy dowamly bronhitiň ýa-da öýken sowuklamanyň bardygyny güman etdirýär.

ÖŇÜNI ALMAK – IŇ YGTYBARLY ÇÄRESI

Dümewiň öňüni almak ony bejerenden ýeňildir, ygtybarlydyr. Munuň üçin aşakdaky çäreleri berjaý etmeli.

1. Elleriňi ýygy-ýygydan, (ylaýta-da daşarda geleniňden  soň) 2-3 minutlap sabynlap ýuwmaly. Elleşilende wirus näsagdan  sagdyn adama geçip bilýär. Gözler owkalananda, çörek iýlende ol hapa eller arkaly bedene aralaşýar.
2. Öýde we işde telefonyň tupkasyny, kompýuteriň syçanjygyny we klawiaturasyny süpürip durmaly. Şeýle maksat bilen bakteriýalara garşy täsirli salfetkalary ulanmaly. Gap-gajy, el süpürgiçleri we durmuş hajatly beýleki zatlary şärikdeşlikde peýdalanmakdan saklanmaly.
3. Ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümleri ýeterlik iýip-içmeli. Aýratyn hem immunitetiň gowşamak we mikroblaryň ýokuşmak ähtimallygy  ýokary bolan güýz-gyş pasyllarynda iýmitiňe üns bermeli. С witamininiň çeşmesi bolan önümleri (bolgar burçy, kiwi, itburun, duzlanan kelem, sitrus miweler we ş.m) hem ýatdan çykarmaly däl.
4. Zerurlyk bolmasa adamlaryň köp üýşen ýerine barmakdan  gaça durmaly.
5. Suw –sport çäreleri bilen immunitetiňi pugtalandyrmaly. Munuň özi diňe bir ýokançlara däl, eýsem, beýleki kesellere hem garşy durmaga kömek edýär.

.

Röwşen MYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok