Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykbalynda täze bir taryhy eýýam bolup, ol ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan mukaddesligi hökmünde türkmeniň ykbalyny oýardy. Ösüşlerimiziň esasy sütüni bolan diňe bir bilim ulgamyna berilýän ünsi hasaba alanyňda-da, türkmen halky, şonuň ýaly-da dünýä jemgyýetçiligi ylym-bilim ulgamyna şeýle üns berýän şahsyýetiň beýik adamdygyny görýär, onuň halkyň şu güni we aýdyň ertiri üçin irginsiz alada etjekdigine berk ynanýar. Türkmen halky Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň barşynda onuň esasy kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilendiginiň şaýady bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleri netijesinde peýda bolan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli we maksada okgunly işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalaryň birnäçesi we elektrik geçiriji ulgamlar guruldy. Paýtagtymyzy we ýurdumyzyň ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek we yşyklandyrmak boýunça energoulgamlar täzelenilýär. Şonuň netijesinde energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy .Munuň özi diňe bir ýurdumyzdaky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen dolulygyna üpjün etmek bilen çäklenmän , eýsem goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgertmek işini ýeke pursat hem gözden salmaýar. Bu ugurda amal edilýän çäreler, durmuşa geçirilýän işler sanap gutarardan juda kändir. Bir zady welin bellemek zerurdyr: milli bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesine esaslanyp, olar bilen aýakdaş ösýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamyny şeýle belent sepgitlere ýetirip, bilim edaralary tarapyndan bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ýerine ýetirilmegi hökmany bolan talaplary özünde jemleýän “Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibi hakyndaky” karara gol çekdi. Bu taryhy karar bilim ulgamyny mundan buýana-da kämilleşdirmäge, bu ugurda döwletimiziň tapawutly aýratynlygyny aýyl-saýyl etmäge, ýurdumyzda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilmegine, çagalaryň, ýaşlaryň, galyberse-de, bütin türkmen milletiniň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, adam kapitalynyň döredilmegine uly itergi berer.
Parahat BÄŞIMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “SDTTEHA” hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler