Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň iň esasylarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň häzirki zaman dünýäsiniň sanly tehnologiýalara esaslanýan global ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda döwrebap özgerýän milli bilim syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdepleriniň sany 42-ä, ýokary okuw mekdepleriniň sany 24-e ýetirildi.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly zähmetsöýer, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmeklik maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar.
Eziz diýarymyzda «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» hereket edýän döwründe orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sanyny 25 müňden gowraga, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sanyny 50 müňden gowraga ýetirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmeklik bilen baglylykda, «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli paýhasy bilen tassyklanylan bu strategik ähmiýetli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ylym ulgamyny täze belentliklere çykarar. Gahryman Arkadagymyzyň häzirki döwrüň talaplaryna görä döwrebap özgerýän kämil milli bilim syýasaty ýurdumyzda IT-tehnologiýalaryny netijeli ösdürmäge, durnukly hem-de özüni ödeýän sanly bilimi köpçülikleýin ornaşdyrmaga, täze tehnologiýalary giňden ulanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Merdan JUMAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “SKMD” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler