Hajy Işan barada rowaýat

Günsaýyn bedew bady bilen batly sepgitlere ýetip, öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ähli ugurlar boýunça täze üstünliklere eýe bolýar. Baý medeni mirasymyzy öwrenmeklige çuňňur çemeleşilip, bu meselä döwlet derejesinde uly üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Her bir obanyň özi hakynda ýazuw taryhy bolmalydyr, adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet we durmuş edermenligini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidir” – diýen parasatly sözlerini häli-şindi aňyňda aýlaýarsyň.

Taryhy çeşmelere görä, XIX asyryň ortalarynda Buhara emiri Nasrullanyň Hywa hany Allaguly han bilen arasy erbetleşýär. Allaguly han agyr leşgere baş bolup Nasrullanyň raýatlaryny talamak maksady bilen 1842-nji ýylyň 15 sentýabrynda Türkmenabat (öňki Çärjew) säheriniň üstüne ýöriş edýär. Amul we Çaltut galalary gabaýar. Ýerli ilat ýesir alynýar we Hywa hanlygyna zorluk bilen göçürilýär.

Şol döwürlerde Sakar etrabynyň Lebaby obasynda (häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşigi) Hajy Işan atly ýaşuly  ýaşaýan eken. Ol 25 ýaşynda hajylyga gidip, köp ýyl Mekkede we Medinede ýaşap, öz ýurdyna dolanyp gelen eken. Hajy Işan ýurdyna barsa, ähli zat ýer bilen ýegsan edilen halda eken, obasyndaky jaýlar ýykylyp, ýaplar gömlen eken. Ol goňşy obalary gidip görse, ol obalar-da şol ýagdaý diýýär. Hajy Işan munuň sebäbini çopanlardan soraýar. Olar: “Hywa hany sakarlaryň üstüne çozup, olary basyp aldy. Köp obalary ýykyp, garşylyk görkezen adamlary öldürip, galanlary sürgün etdi”- diýip jogap berýärler. Bu gürrüňleri eşiden Hajy Işan Hywa hanlygyna barýar we ildeşlerini tapýar. Görse adamlar ýap gazyp ýören eken.

Ildeşleri Hajy Işany tanap, ýanyna ylgap gelipdirler, ony gujaklap salamlaşypdyrlar. Hal ýagdaýyny soran soň, Hajy Işan hajylyga gidip gelenligini gürrüň beripdir. Soňra Hajy Işan öz ildeşleriniň hataryna goşulyp işläp başlapdyr. Bu ýagdaýy ýasawullar Hywa hanyna habar berýärler. Hywa Han ony öz ýanyna getirmegi tabşyrýar. Nökerleri Hajy Işany zorluk bilen hanyş huzuryna getirýärler. Hywa hany ondan: “Sen sakarlylaryň ýanynda näme edýäň”- diýip soraýar. Hajy Işan: “Men öz ildeşlerimiň ýanyna geldim, olar näme zähmet çekýän bolsa, men hem ony edýän” – aýdýar. Hanyň gahary gelip, nökerlerine bu ýaşulyny kowmagy tabşyrýar.

Şol gije Hywa han ýatyp bilmeýär, gara basyp düýş görýär. Düýşünde Hajy Işan ak geýimli onuň üstünde uçup ýör diýýär. Bu ýagdaý üç gijeläp gaýtalanýar. Hywa hany öz ýasawullaryna: “Şol Hajy Işan diýilýän ýaşulyny tapyp meniň ýanyma getiriň” – diýip buýurýar. Nökerleri Hajy Işany hanyň huzuryna getirýärler. Han bu gezek ony hormatlap garşy alýar, munuň bilen gürrüňdeş bolýar. Hajy Işan hajylyga gidip gelenligini gürrüň berýär. Han oňa: “Näme dilegiň bolsa aýt Hajy Işan” – diýýär. Hajy Işan ildeşlerini yzyna oba goýbermegi haýyş edýär. Taýarlyk üçin bir aý wagt soraýar. Bir aýdan soň oba adamlary düýeli kerwen gurap, öz ýurdyna dolanýarlar. Hywa hany Hajy Işany serpaýlap, ýanyna-da iki sany gurluşykçy ussalary goşup goýberýär.

Obasyna gelensoň, adamlar öz jaýlaryny dikeldýärler, ýer sürüp bugdaý ekýärler. Gurluşykçylar bolsa, oba adamlarynyň kömegi  bilen bir medjit we minara gurýarlar. Halkyň Hajy Işana hormaty şondan soň has artýar. Onuň aýdanyndan çykman, gowy günde ýaşap başlaýarlar.

1925-njy ýylda Hajy Işanyň obadaşy Mämmetniýaz Dinmämmet-ogly obada gurlan täze mekdepde ilkinji mugallym bolupdyr. Oba adamlary Hajy Işany we Mämmetniýaz-mugallymy ýagşylykda ýatlaýarlar. Olaryň çowluklary Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginde ýaşaýarlar, önümçiligiň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler.

.

   Jemal ROZYNÝAZOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
 institutynyň Maglumat ulgamlary we programmirleme
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok