Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde simap öndürmek boýunça orta asyr ussahanasy tapyldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň arheologlary Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäklerinde ýerleşýän “Abiwerd” ýadygärliginde simap öndürmek boýunça önümçilik ussahanasyny tapdylar. Bu barada orient.tm internet habar saýty belläp geçýär.

Hünärmenleriň netijeleri orta asyrlarda, ýurduň Ahal sebitiniň dag etek zolagynda simap önümçiliginiň döredilendigini, şol döwürde lukmançylykda we şaý-seplerde giňden ulanylýandygyny tassyklaýar.

Saýtda habar berilmegine görä, alymlar güýz gazuw möwsüminde alty tegelek peçiň galyndylary tapylan ähli senetçilik toplumyny tapdylar. Olar demir magdanyny eritmek we metal almak üçin niýetlenendigi çaklanýar. Arheologlar şol bir ýerde simap saklamak üçin keramiki gap-gaç ýasaýan küýzegär ussahanasyny hem tapdylar.

Abiwerd ýadygärligi Demirgazyk Horosanyň möhüm ilatly ýerlerinden biri bolup, gadymy ýazuw çeşmelerinde ekinleriň we ekin meýdanlarynyň şäheri hökmünde köplenç ýatlanypdyr. Gorag diňleri bilen berkidilen 105 gektar meýdany bolan gala bolupdyr.

Arslan JUMADOW
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok