Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçiliklere, hukuklara we jogapkärçiliklere eýe bolan jemgyýetini göz öňünde tutýar. Erkekleriň we aýallaryň arasyndaky deňlik – bu haçanda iki jynsyň wekilleri hem bilime we saglygy goraýyşa, dolandyryşda we häkimýetde deň ygtyýarlyklara eýe bolmaklary, kimdir-birine işlemek ýa-da öz işine ýolbaşçylyk etmek arkaly maliýe garaşsyzlygyna ýetmekde, özleriniň şahsy we hünär isleglerini hem-de gyzyklanmalaryny durmuşa ornaşdyrmakda birmeňzeş mümkinçiliklere eýe bolmaklary bolup durýandyr. Gender deňliginiň gazanylmagyndaky çylşyrymly şertleriň biri hem aýallara jemgyýetiň ösüşiniň dürli ulgamlarynda ygtyýarlyklaryň we has giňişleýin mümkinçilikleriň berilmegi, şeýle-de gender deňliginiň gazanylmagyna erkekleriň hem gatnaşdyrylmagy bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, zenanlar we gyzlar erkekler we oglanlar bilen deň ykdysady, syýasy, medeni we durmuş, maşgala hukuklaryna eýe bolup, olaryň berjaý edilmegi hereket edýän kanunçylyk bilen düzgünleşdirilýär. Türkmenistan Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýany tassyklady we IV Zenanlar babatda dünýä maslahatynyň gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň maksatnamasyny kabul etdi.
Muňa mysal edip, zenanlara doly zähmet hakyny tölemek bilen 112 kalendar gününiň dowamynda göwrelilik rugsadyny bermek hukugyny bellemek mümkin. Göwrelilik rugsady tamamlanandan soň, çaga 3 ýaşyna ýetýänçä oňa ideg etmek boýunça tölegsiz rugsady almaga hukugy bar. Enelik bilen bagly berilýän kepillikler we ýeňillikler çagany ejesiz terbiýeleýän kakalara, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň hossarlaryna hem berilýär.
Türkmenistanda bilim hemmeler üçin deň elýeterli bolup, oglanlaryň we gyzlaryň orta bilim bilen üpjün edilmeginiň görkezijileri gender deňligi bilen häsiýetlendirilýär. Muňa garamazdan, ýörite orta we ýokary bilim ulgamynda bilim alýan gyzlaryň sany oglanlaryň sanyndan az. Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin
Milli hereketleriň meýilnamasy bu çäkleri nazara alýar we gyzlara adaty bolmadyk hünärleri, esasan hem tebigy bilimler, tehnologiýa we tehnika ugurlary boýunça hünärleri saýlamakda maslahat bermekde strategiki hereketleri öz içine alýar.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistan gender deňligini üpjün etmekde we zenanlaryň çözgüt kabul etmek derejesinde wekillik etmek hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde netijeli üstünlikleri gazandy. Ortaça alnanda, Merkezi Aziýa sebitinde syýasat gurşawyndaky zenanlaryň wekillik etmek derejesi ýokary. Häzirki wagtda aýallaryň garyp gatlaklaryň 70% düzýärler, 14% dolandyryjy wezipeleri, 6% ministrler kabinetlerinde wezipeleri, we 11% köp bolmadyk bölegi parlamentlerde wezipeleri eýeleýärler. Aýallar olaryň öz ykballary bilen bagly bolan ykdysady ösüş, gorlaryň paýlanylmagy, döwlet howpsuzlygy, diplomatiýa, syýasatyň kemala getirilmegi ýaly meselelerde çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmeýärler diýen ýalydyr. Çözgütleriň aglaba bölegi syýasy düzümlerde agdyklyk edýän erkekler tarapyndan kabul edilýär.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak we gender deňliginiň gazanylmagy boýunça çäreleri sazlaşykly durmuşa geçirýär. Ýurduň Parlamentiniň başlygynyň wezipesini zenan maşgala ýerine ýetirýär we parlament deputatlarynyň 125-isiniň 24.8 göterimi zenanlardan ybarat.
Erkekler bilen zenanlaryň arasynda konstitusionaldeňligiň bardygyna garamazdan, saklanyp galan hukuk kemsidiji kanunlar, durmuş kadalary we tejribesi we aram ýagdaýdaky zenanlaryň we gyzlaryň ýüzleşýän deňsizlik meseleleri iş ýüzünde gender deňsizliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Zenanlara sütem edilmegi, ideg etmek boýunça tölegsiz işiň deň däl ýagdaýda bölünip berilmegi, zenanlar üçin emläk elýeterliliginiň çäkli bolmagy, zenanlaryň we gyzlaryň jynsy we reproduktiw saglygynyň we hukuklarynyň bozulmagy we olaryň milli parlamentiň çäklerinden daşary hususy we döwlet çözgütlerini kabul etmek boýunça deň derejede gatnaşyp bilmezligi ýaly meselelere seretmek möhümdir.
ÝUNISEF Türkmenistanda iki sany tizleşdirilen maksatnamany üns merkezine alýar. Olaryň birinjisi ganazlygyň öňüni almagy nazara alýan ýetginjek gyzlaryň saglygyna degişli bolup, ikinjisi çaganyň irki ösüşi boýunça maksatnamalar arkaly gender jogapkärçiliklerini çözmekden ybaratdyr. Bu maksatnamalar kakalaryň çaga terbiýesine has işjeň gatnaşmagyny gazanmaga ýardam berýär, çözgüt kabul edýän eneleri gurşap alýar, saglygy goraýşyň zenan hünärmenlerini goldaýar, şol sanda olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmaga we patronaž şepagat uýalarynyň işi üçin maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasyna gözegçilik ediş ulgamlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge niýetlenendir.
.
Guwanç BÄŞIMOW,
Türkmen Döwlet Binägärlik Gurluşyk insitutytynyň talyby.
Teswirler