Sanly ykdysadyýet – geljegimiziň binýadydyr

Günsaýyn ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, innowasion önümçiligi artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň maliýe ulgamyny sanlaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Konsepsiýanyň çäginde bu ugurda aýratyn Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasy hereket edýär. Sanly tehnologiýalaryň maliýe ulgamyna ornaşdyrylmagy bu pudagy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de höweslendirmäge, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady seljerilip, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejeleri kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribesi bolan milli we halkara bilermenlerini işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bu tapgyrda bellenilýär. Ikinji tapgyrda hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek hem-de bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilişini netijeli dolandyrmak maksadynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek meýilleşdirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ilkinji ugurlaryň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Onuň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek hem hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny üpjün etmekden we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

.

Wepa KARAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok