Häzirki wagtda sanly ulgam, internet, elektronika, kompýuter ýaly sözler her bir adamyň dilinde köp gaýtalanýar. Munuň özi XXl asyrymyzyň — tehnologiýalar asyrydygyny ýatladýar. Sanly aragatnaşyk islendik ulgamda hem ýokary netijeli prosesligine galýar. Ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamlarynda bolsa, bu has giň gerime eýe.
Bütin dünýäde alanyňda, häzir elektron pullardan peýdalanmak mümkinçiligi giňeýär. Adamlar puly gapjygynda ýa jübüsinde däl-de, elektron gapjygynda, kartynda ýa-da mobil telefonynda saklamagy amatly hasaplaýarlar. Şeýle hyzmatlary ýola goýujylaryň bolsa, sanly ulgamda «ýaşaýandygy» öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň sanly öwrülişigi ýüze çykýar.
Biziň ýurdumyzda hem dünýäniň hiç döwletinden kem bolmadyk kämil maliýe-bank ulgamymyz ilatymyza sanly hyzmatlaryň täzeden-täze görnüşlerini yzygiderli hödürleýär. Ýokary tizlikli kompýuter aragatnaşygyna giň ýol açylmagy ilata töleg-hasaplaşyklary, karzlary, depozit we beýleki hyzmatlary amala aşyrmagyň usullaryny has-da ýeňilleşdirýär.
Ýurdumyzda bank hasaplaşyklaryny plastik kartlaryň üsti bilen nagt däl görnüşde geçirmek tejribesiniň ornaşdyrylmagy has-da gowy netijeleri berýär. Bankomatlar müşderilere gije-gündiziň dowamynda hasabyndaky pul serişdeleri bilen amallary geçirmäge mümkinçilik berýär. Töleg terminallarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy nagt pul serişdelerini saklamak we gatnatmak bilen bagly harajatlary azaltmaga, ilatyň hasaplaşyklaryny geçirmäge sarp edýän wagtyny tygşytlamaga hem-de nagt däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýol açdy.
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen pähim-paýhasly ýörelgesinden ugur alyp, maliýe-bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, gerimini giňeltmek hem-de milli töleg ulgamyny ösdürmek we olaryň netijeliligini, howpsuzlygyny, dünýä ykdysady giňişligindäki ornuny üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň, dünýä derejesindäki ornunyň ýokarlanmagyna itergi berýär.
Şamämmet BÄSIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler