Dünýäniň şamçyragy – Täçmahal

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAHEDOW:

“Türkmenistany we Hindistany gözbaşyny asyrlaryň jümmuşinden alyp gaýdýan, umumy çuňňur taryhy we medeni kökler, hakyky dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň mizemez däp-dessurlaryny baglanyşdyrýar ” [1]

  Türkmenleriň Hindistanda ilkinji gezek peýda bolmagy häzirki Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Demirgazyk Hindistanyň çäginde Kuşan patyşalygynyň döremegi (b.e.I-IV asyr) bilen baglanyşyklydyr.

“Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyn taryhy bizin ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär, şeýle-de milli äheňlere uçursyz uly ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriniň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär ” [2]

  Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen hökümdarlary tarapyndan Delide, Bengalda, Malwada Muitrriler, Halaçlar, Kutubşalar soltanlyklarynyň, Beýik Mogollar  şadowletleriniň düýbi tutulypdyr. Babyr, Humaýun, Ekber, Jahangir ýaly soltanlaryň döwründe Deli, Agra, Kaşmir, Janpur ýaly iri şäherler sebitiň ylmy-medeni merkezlerine öwrülipdir, kitaphanalar, medreseler, kerwensaraýlar, köşkler, Täçmahal deýin dünýa ähmiýetli onlarça ajaýyp ýadygrlikler gurlupdyr.

   Täçmahal – özünde ýerli, şeýle hem gündogar we günbatar binagärlik sungatynyň biri birine sazlaşykly gatyşmagy esasynda dörän täsinlikleriň biridir.

        1983-nji ýylda Täçmahal adamzat gymmatlyklarynyň, şeýle hem “dünýä sungatynyň göwheri” hökmünde ÝUNESKO-nyň maddy  gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. [3]

    ХVII asyrda Agra şäherinde syýahatda bolup, Täçmahaly synlan fransuz alymy Fransua Bernýe bu babatda şeýle ýazýar: “Men hat-da Ýewropada-da beýle ägirt we saldamly gözellik görmändim. Belki, hindi lezzetini alan bolmaly, ýöne men bir zada aýgytly göz ýetirdim, bu bina (Täçmahal-O.B.) müsür piramidalaryna garanyňda dünýäniň täsinliklerine has hem kybapdaşdyr” [4]

   Her ýylda müňlerçe syýahatçylary özune maýyl edýän, dünýäniň şamçyragy Täçmahalyň syry nämedekä?

          Hindi söz ussady Rabindranat Tagoryň ylham çeşmesi bolan Tüçmahal, diňe Hindistanyň däl, eýsem dünýädäki ýedi sany täsinlikleriň biri hasaplanýar. “Täçmahalyň nepis sungaty, dogrusyny aýtsam, akylyňy haýran galdyrýar. Şonuň uçin hem Hindistanyň guwanjy bolan Täçmahaly görmäge dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän adamlaryň sany ýokdy.”  [5]

       Täçmahal binagärligi barada gaty köp maglumatlar bar bolandygyna garamazdan, ol Hindistanda gurlan beýleki ýadygärliklerden “ak mermerden” salnandygy bilen tapawutlanýar. Ondan öň “Täçmahaldan otuz bäş kilometre çenli uzakda belent bir ýadygärlik bardy.Oňa Pençmahal at berýärdiler. Birnäçe korpuslara bölünýän ägirt köşk Pençmahal gyzyl mermerden salnan ekeni. Pençmahaldaky musulman arhitekturasy ylaýta-da täsindi.Pençmahalyň töweregi bir wagtda uly şäher bolup, suw ýetmezçiligi zerarly şol ýerden göçmäge, on altynjy asyryň ortalarynda ägirt uly köşk-eýýämy taşlamaga mejbur bolupdyrlar” [6] Diýmek, Täçmahaldan öň hem mermerden ymarat saldyrmak boýunça binagärlik tejribe bolupdyr.

        Mermerden ýasalan ymaratlaryň berk gizlinlikde saklanandygy, hat-da Täçmahaly gurmaga gatnaşan binagärleriň we ussalaryň öldürilendigi barada käýarym maglumatlar berilýär. [7]

      1830-nji ýylda Hindistanyň general-gubernatory bolan Ulýam Bentikkiň ýurdy edara eden wagtynda Täçmahaly sökdürip, onuň mermerlerini auksionda satmak meýliniň hem bolandygyny onuň hatdaty Jon Rosselli habar berýär. [8]

    1930-njy yyllaryň başlarynda hindi taryhçysy Puruşottama Nageş Oak Täçmahalyň Şahjahanyň edara eden döwrüne çenli gurlan binagärlik bolup, onuň 1155-nji ýylda raja Parmara Dewiniň birinji ministri Salakşa ussa tarapyndan gurlandygy barada pikir öňe sürüldi.  Bu akym boýunça, bina Şiwanyň hatyrasyna salynan metjit bolup, Şahjahan şoň bu ymaraty özüniň islegine gör üýtgedenmişin. 2000-nji ýylda hindi kazyýeti bu ymaraty “induizm metjidi” diýip hasap etmek baradaky teklibi goldamady. [9]

   Özüniň täsin ymaratdygyna garamazdan, Täçmahaly gurşap alýan täsinlikleriň hem az däldigi, bu ymaratyň daşynda bar bolan jedelleriň köp akymlydygyny, Täçmahaly öwrenmekligiň wajyplygyny ýene bir ýola subut edýär, onuň gymmatlygyny has hem artdyrýar.

  Türkmenistanyň halk yazyjysy Berdi Kerbabaýew Hindistan baradaky ýol ýazgylarynda Täçmahal ýadygärligi barada şeýle ýazypdyr:  “Diňe Hindistanyň däl, hatda dünýäniň iň owadan ymaratlaryndan biri bolan Täçmahal adatdan daşary owadandy. Ak mermerden salnan ýadygärlik şeýle tämiz, şeýle arassa bolany üçin, göýä diýersiň onuň gurluşygy dek düýn gutaran ýalydy. Täçmahaly  on ýedinji  asyryň başlarynda Şahyjahan öz söýgülisi Güljemalyň hatyrasyna saldyranmyş…” [10]

   Türkmen dilçi alymy, f.y.k. S.Atanyýazow Hindistan baradaky ýol ýazgysynda Agra şäherindäki ýadygärlikleriň käbiriniň türkmenler bilen baglanyşyklydygyny ýatlap geçýär. Jamna derýasynyň sag kenarynda ýerleşen Utmadugowla mawzoleýini hem şolaryň hataryna goşýar. Ony imperator Jahangir özüniň baş weziri Mürze Gyýas beg diýen türkmeniň guburynyň üstünde saldyrýar.

  1622-1628-nji ýyllarda  mermerden bina edilen bu mawzoleý Täçmahaly salan ussalara nusga bolup hyzmat edýär.

    Gyýas begiň gyzy Nurjahanyň köşgi we serhowzy hem bar, ol şu şäherdäki Ekbar galasynda ýerleşýär. [11]

    Göräýmäge gaty anyk ýaly, emma Täçmahal mawzoleýi barada işler ýazylsa-da, biziň ol hakda bilýän maglumatlarymyz gaty az. Eýsem, ol barada näme bilmeli?

  Täçmahal ýadygärligi barada rowaýatlaryň bar bolmagyna garamazdan, şol döwrüň çeşmeleri, azda-kände ol barada biri-birine çapraz gelýän maglumatlary berýär. Bu bolsa Täçmahal  ýadygärligini öwrenijileriň belli bir netijä gelmegini kynlaşdyrýar.

 Rowaýatlara görä, mawzoleý Beýik Mogollar nesilbaşynyň bäşinji edara edijisi Şahyjahan tarapyndan öz söýgüli aýaly Arjumana Banu Begimiň (il arasynda  Mumtaz  Mahal hem diýilýär) hatyrasyna salnypdyr. Mürze Gyýas begiň agtygy  Mymtaz Mahal Şahyjahana (hakyky ady Hurram bolup, Şahyjan  onuň lakamy)  19 ýaşynda durmuşa çykýär.

       1627-nji ýylda Hurram tagta çykýar we Şahyjan ady bilen döwleti edara edýär.

         1631-nji ýylda Dekana ýörişleri wagtynda Mymtaz Mahal ýaş üstünden Burhanynur diýen şäherde aradan çykýar we ony şol ýerde jaýlaýarlar. 6 aýdan soň onuň jesedini Agra şäherine getirip, Jamna derýasynyň sag kenaryndaky baglaryň birinde jaýlaýarlar.

           1632-nji ýylda mawzoleýiň gurluşygy başlanýar. Onuň girelgrsiniň ýokarsynda ýazylan ýazgy ; 1638-39-njy ýyla we hatdat Amanat hana degişlidir.

       Belki, bu ýazgy mawzoleýiň gurluşygynyň şol ýylda tamamlandygynyň subutnamasydyr. Emma, käbir maglumatlara görä, mawzoleýiň gurluşygy 22 ýyla çekipdir, bu bolsa 22 gümmeziň sany bilen düşündirilýär. Bu mawzoleýde pars dilinde ýazylan ýazgy, onuň Arjumana Bany Begime we Şahyjana   degişlidigine güwä geçýär. Muňa garamazdan, dünýä medeniýetiniň taryhyny öwrenijiler şu resminamanyň kime degişlidigi barada jedelleşýärler we belli bir netijä gelip bilenoklar.

   Rowaýata görä, aýralyga döz gelmän, gaýgy-gama gaplanan Şahyjana  bir keramatly adam erjellik bilen Hudaýa sygynmagy maslahat beripdir.

  Haçan-da ol biraz köşeşende, düýş görüpdir. Şondan soň düýşünde gören desgasyny mermerden saldyrypdyr. [12]

  Täçmahaly öwrenijileriň biri, alym Abdulla  Çagataý, dogrudan-da “söýgüniň simwoly” bolan bu gudratly desgany Şahyjanyň özüniň gurandygyny aýdýar we muny Şahyjan tarapyndan birnäçe ymaratlaryň tassyklanandygy  we binagärlik ugrundan onuň kämil ukybynyň bolandygy barada döwürdeşleriniň ýatlamalarynyň üsti bilen delillendirýär. [13]

 Hindistan baradaky günbatar taryhy edebiýatlary Täçmahalyň gurluşygyny  italiýaly Jeronimo Werennonyň we fransuz kümüş ussasy Awgustiniň (ýa-da Ostin de Bordonyň) ady bilen baglanyşdyrýarlar.

 Bulardan başga-da, kimdir bir türki Ustad Isanyň  (Ustad Isahan ýa-da Ustad Isa han efendi) adyny hem getirýärler.

 Täçmahalyň gurluşygynyň “ýewropa awtorçylyk” tarapdarlarynyň käbiri Jeronimo Werennonyň we ustad Isanyň şol bir adamdygyny, ýagny, “Ustad Isa” sözüniň “Hristian öwrediji” manysynyň bardygyny hem aýdýarlar. [14]

   Elbet-de bular ýaly pikiri hiç bir delilsiz öňe sürmek ýeňil hem däl, munuň üçin ýewropa we gündogar dillerinde döwürdeşleriň ýazan düýpli esasly işleri gerek.

    Hindi taryhçysy H. I.S.Kanwar ylmy döredijiliginiň köp bölegini Täçmaha sarp eden alym. Ol Taçmahalyň gurluşygynyň Awgustin de Bordo bilen baglanyşdyrmagyň ýalňyşdygyny täze tapylan ýazuw çeşmeleri bilen subut edýär.  Olaryň biri “Ost Indiýa” kompaniýasynyň işleri bilen baglanyşykly we häzirki wagtda Londonda saklanylýar.

  Onda “Eýýäm 1611-14-nji ýyllarda Persiýadan (Eýrandan-O.B)  Hindistana gelen fransuz Awgustin de Bordonyň ady belli kümüş zergäri hökmünde tanalandygy” aýdylýar. 1620-nji ýylyň 20-nji iýunynda Lahordan iberilen beýleki hatda bolsa, hut Bordonyň öz sözlerine görä, onuň “Şahyjanyň ýakyn adamlarynyň biri bolandygy we oňa  “horlomerand Hiraý-sungaty dörediji titulynyň berlendigi ” aýdylýar.

Emma bu ýazgy ýadygärliklerinde Bordonyň binagärlik  babatdaky işleri barada hiç hili maglumat ýok.

  Diňe günbatar alymy  Uolter Slimon 1844-nji ýylda çap edilen “Podpolkownik Uolter Slimonyň syýahatlary we ýatlamalary” diýen  işinde şeýle ýazýar : Agradaky we Delidäki beýik ymaratlar, meniň pikirimçe, Ostin de Bordo tarapyndan taslananmyka  diýýärin, bu fransuz adatdan daşary zehinli . Ýerli ilan ony “ustad Nadir-ul-asr Iudy diýip atlandyrýar ”.

  Ýöne, Slimonyň ol ymaratlaryň adyny aýry-aýrylykda tutmazlygy, käbir alymlaryň ony Bordonyň ady bilen baglanyşdyrmazlylaryna esas berýär.

   ХVII  asyryň başlarynda Hindistanda bolan monah Filipp , 1644-nji ýylda Lionda çapdan çykan “Syýahatnamasynda” Bordonyň özüne Deli monarhlarynyň abraýy hasaplanýan “Tawusyň tagtyny” [15] görkezip, ony öz eli bilen salandygyny aýdandygyny ýazýar.

ХVII  asyrda Hindistanda ýaşan Fransua Berenýe hem Bordony dünýä belli zergär hökmünde ýatlaýar.

  Ýokardaky maglumatlardan  ugur alyp, fransuz zergäri  Bordonyň dogrudan-da beýik mogollar köşgünde uly derejeli adam hasaplanandygy we ýörite berlen tabşyryklary ýerine ýetiendigi äşgär bolýar.

  Belli hindi alymy P.Nath “Mogol binagärliginiň  käbir aýratynlyklary” diýen işinde Täçmahalyň gurluşygynyň Akbaryň döwründen ösüp başlan sungatyň iň “kulminasion” döwrüne gabat gelýändigini nygtaýar we Bordonyň ajaýyp zergär we gymmat bahaly daşlary bejermekde “inžiner-eksport”  bolandygyny ýatlaýar, ýöne, Mumtaz mawzoleýiniň gurluşygyny onuň ady bilen baglanyşdyrmaga hiç bir esasyň ýokdugyny ýazýar.

  Täçmahalyň gurluşygyny Jeronimo Weronnonyň ady bilen ilkinji baglanyşdyran katolik monahy Fra Sebastýan Manrikedir. Ol 1641-nji ýylda ýörite tabşyryk bilen Hindistana gelýär.

   1953-nji ýylda Rimde Manrikeniň kitaby çap edilýär. Ol Jeronimo  Weronnonyň Hindistana portugal gämisinde gelendiini we soňra mogollar köşgünde okandygyny ýazýar. Imperatoryň Weronno örän köp möçberde hak töländigini we ony öz ýanyna çagyryp, merhum aýalyna iňňän uly metjit gurmaklygy tabşyrandygyny hem agzap geçýär. [16]

    Manrike Jeronimo  Weronnonyň özüni görmändir, sebäbi, Manrike Agra gelmezden öň ol aradan çykypdyr. Ol baradaky maglumaty Manrikä  Iezuýi de Kastro gürrüň beripdir. De Kastro barada bolsa hiç bir hili maglumat ýok.

    Manrikeniň Täçmahalyň Jeronimo  Weronno tarapyndan gurlandygy baradaky  pikirini gündogarşynas Giasint goldaýar. Ony Jeronimo  Weronnonyň guburynyň tapylmagy bilen delillendirýär. [17]

Jeronimo  Weronnonyň jesedi Agrada katolik mazarçylygynda jaýlanypdyr we onuň üstünde “Bu ýerde 1640-njy ýylyň ikinji  awgustynda  Lahorda aradan çykan Jeronimo  Weronnonyň jesedi ýatyr” diýen ýazgy bar.

  Giasint “Agra, Fatehpur, Sikandre barada bellikler” diýen kitabynda Manrikeniň pikirini terkarlamak üçin şeýle ýazýar ; “Näme üçin Lahorda ölen adamyň jesedini 412 mil uzaklykda  ýerleşen Agra eltmeklik derkar bolduka. Eger-de ony özüniň guran ajaýyp desgasy Täçmahalyň ýanynda  jaýlamajak bolsalar” [18]

    1628-37-nji ýyllarda Hindistanda ýaşan “Ost Indiýa”  kompaniýasynyň çinownigi , Jeronimo Weroneony ýakyndan tanan Piter Mundi  Agrada gurlan Täçmahalyň gurluşygyna Jeronimo Weronnonyň gatnaşygy barada hiç zat ýazmandyr.

  Belli syýahatçy Täçmahalyň gurluşygy ýyllarynda Hindistanda bolan Ž.B.Tawerne hem  Jeronimo Weronnonyň ýa-da başga bir binagäriň adyny agzamaýar. Fransua Berne hem Täçmahal baradaky ýazgylarynda ne Bordonyň, ne-de Jeronimo Weroneonyň adyny agzaýar.

       Franzus taryhçysy Žan  Tawerne 1666-njy ýylda Täçmahala syn edip, ony “Hindistan binagärliginiň  iň ýokary naýbaşy binasydyr” diýip atlandyrmak bilen, ony “günbatarlylar” tarapyndan gurlandygyny inkär edýär.

  Iňlis taryhçysy E.B.Heýweliň pikiriçe, Täçmahal “Gündogar arhitekturasynyň toplumynyň jemidir, şol bir wagtda hindi çeperçilik aňyny özüne siňdiren ýerli binagärligiň  asyl nusgasydyr”. [19]

 1930-njy ýyllaryň başynda  tapylan täze taryhy ýadygärlik Täçmahal mawzoleýi bilen baglanyşykly täze ady- Ustad Ahmet Lahoriniň adyny äşgär etdi.

  Bangolor alymy Seýit Manmyt han Mahmudyň eline pars dilinde ýazylan golýazma düşdi. Ol golýazma  “Diwan-i Muhandis ady bilen Lýutfulla Muhandise” degişlidir. Şol golýazmada  Seýit Mahmyt han Agradaky Täçmahalyň we Delidäki  Gyzyl    Fortunyň hindi   patyşasynyň   arhitektory Ustad Ahmed Lahory tarapyndan taslanandygy  w Şahyjahandan  “Nadyr ha asr” (asyryň  binagäri)  diýen tituly alandygyny ýazýar.

  Lýutfulla Muhandis (muhandis sözi-gurluşykçy manyny hem berýär)  Ustad Ahmed Lahorynyň ogly bolup, özi hem binagär  bolupdyr.

  Ol öz kakasynyň patyşa köşgünde uly abraýdan peýdalanandygyny we oňa Mumtaz Mahal mawzoleýini gurmaklyk ynanylandygyny barada habar berýär.

  Ustad Ahmed Lahoriniň şahsy durmuşy bilen gyzyklanyp, onuň üstünde köp ýyllap işlän alym Nadwi, dogrudan-da Ustad Ahmed Lahorynyň maşgalasynyň diňe bir binagärlikden däl, eýsem, filosofiýadan, matematikadan, edebiýatdan hem habarly bolandygy barada ýazýar.

  Ustad Lahory diňe bir Şahyjan döwründe baş binagär bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň uly ogly Daro Şikoha hem  gulluk edipdir. Daro Şikoh tagta çykmak üçin öz dogany Aurangzeb tarapyndan öldürilenden soň, Ahmed Lahorynyň maşgalasy gizlenmäge mejbur bolýär,  soňra olar barada hiç bir maglumat bolmaýar., hat-da “Diwan-i muhandis” işi hem gizlinlikde ýazylypdyr.

  Kakasyna bolan gahar-gazap biraz ýatyşandan soň, Aurangzeb  Ustad Ahmed Lahorynyň maşgalasyny ünsden düşürmeýär.

    Lýutfullanyň dogany Ataula patyşa Aurangzebiň 1657-nji ýylda aradan çykan aýalyna Aurangabatda metjit salmaklygy buýurýar we onuň gurluşygy 1660-1661-nji ýyllarda tamamlanýar.

1967-nji ýylda H.I.S.Kanwar Agrada gubur tapýar. Muňa bagyşlanan ýörite makalasynda, onuň Ustad Ahmet Lahorä degişlidigini we Täçmahalyň gurluşygyny ýalňyşlyk bilen Ustad Isanyň ady bilen baglanyşdyrýandyklaryny, şeýle ady göterýän arhitektoryň asla bolmandygyny ýazýar. Onuň pikiriçe, Ustad Ahmet Lahoryň ýa-da Nedir –ul-asryň wagtyň geçmegi bilen Ustad Asra öwrülip, soňy bilen Ustad Isa bolan bolmagy ahmal.

“Diwan-i muhandis” golýazmasynyň ýeke özi, Kanwaryň pikiriçe, Täçmahaly günbatarlylar gurdular diýen pikiri açyk ýalana çykarýar.

  Görşümiz ýaly, Täçmahalyň gurluşygynyň daşyndaky jedeller henizem dowam edýär.

  Ýokarda getirilen delillere ser salyp, şeýle netijä gelmek bolar.Täçmahal dünýä medeniýetiniň taryhynda biri-biriniň içinden erş –argaç bolup geçýän günbatar we gündogar binagärliginiň çatrygynda  bina edilen ajaýyp desgadyr. Täçmahal mawzoleýini gurmak baradaky pikir Şahyjanyň hut özüne degişlidir.

  Täçmahal Günbatar  hem-de Gündogar binagarliginiň wekilleriniň biri-birine el berip, erjellik,zehinlilik bilen çeken zähmetleriniň netijesidir,

Taryhy medeni ýadygärlikleröwrenilende, “sap ýerli medeniýetiň nusgasydyr’’ diýlen nukdaýnazardan ugur alynsa, onda onuň kime degişlidigini baradaky jedel hiç wagt gutarmaz.

 Her bir medeniýetiň taryhy ýerli aýratynlyklar  hem-de oňa daşyndan täsir eden  faktorlar bilen baglanyşyklykda öwrenilmelidir.

  Mundan başga-da soňky ýyllarda Täçmahalyň gatlarynda jaýryklaryň emele gelmegi, muny Jamna derýasynyň suwunyň çekilmegi bilen düşündirilmegi , dünýä täsinligi bolan bu ymaratyň  täsirini geljekki nesillere ýetirmekde öz wajyplygyny has hem artdyrýar.  Ak mermeriň saralmagy ymaratyň daş-töweregindäki senagat edaralarynyň köpelmegi bilen düşündirilýär.

  Hindi hökümeti dünýäniň şamçyragyny  gorap saklamak barada uly aladalar edýär, daşky gurşawy hapalajak  önümçiligi bilen bagly heretler gadagan edilýär.

  Täçmahaly aýap saklamak diňe bir ýerli häsiýete eýe bolmaly däldir. Dünýä ýüzüniň saldamly binagärleri, nakgaşlary, dizaýnleri bu täsinligi gorap saklamagyň  syrlaryny öwrenmeli. Dünýäniň bilermenleri tarapyndan topar döredilse, taryhy yzarlap geljegi nazarlaýan Täçmahal “ asyrlaryň binagari” bolardy.

 Orazgül Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

EDEBIÝATLAR:

1. Türkmenistan// 26.03.2015, s.4

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. l-nji kitap. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. s.21

3. Большая российская энциклопедия. 2016, – с. 563

4. Митрохин Л.В.Индия. М, 1987, с.159

5. Berdi Kerbabaýew. Ajaýyp ülke. S.9

6. şol ýerde

7. The Mughals of Indiya(2008) ATE Television Network.

8. Rosseli J. Lord William  Bentink the making of a Liberal imperialist. 1774-1839. London Chatto and Windus for Sussex University Press.1974, p.283

9. Siraj Qureshi. Another coun petition challenges Taj Mahal’s story as a symbol ollove.// India Today. 12.08.2017

10. Berdi Kerbabaýew. Ajaýyp ülke. S.9

11. Стирлен А. Искусство ислама. М.2003. 320 с.

12. Индия. Вступая в век ХХI. И-во Политической литературы. М.- 1987, с. 159

13. şol ýerde, s. 160

14. şol ýerde, s.161

15. “Tahtae tawus” 7 ýylsergi edilýär, Nedie şa 1739-njy ýylda ol tagty Eýrana äkidýär, heniz hem şol ýerde muzeý eksponaty hökmünde saklanylýär.

16.Митрохин Л.В.Индия. М, 1987, с.161

17. Гиацинт “Заметки об Агре, Фатехпур-Сикре и Сикандре”

18, Митрохин Л.В.Индия. М, 1987, с.163

19. Хейвелл Э.Б. Индийская архитектура.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok