24-nji oktýabr Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni

1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry dünýä parahatçylygyny saklamak boýunça uly abraýa eýe bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen günidir. Häzirki  wagtda bu abraýly halkara gurama dünýä döwletleriniň ençemesini özünde jemleýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen halkymyzyň taryhynda adatdan daşary möhüm waka bolup geçdi. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasy özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul edýär.

 Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözülýär. Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada döredilýär. Şol ýylyň 26-njy iýunynda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul edýärler. Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje girýär. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň güni hökmünde bellenip geçilýär. BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. BMG-niň maksady, onuň öz düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly “Parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin” toparlaýyn çäreler görmek bilen parahatçylygy hem-de howpuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryna we azatlygyna bolan hormaty pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Dünýä ýüzünde dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýan eziz ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoluna eýerip birnäçe hyzmatdaşlyklary alyp barýar. BMG we onuň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary Türkmenistanyň we dünýä ýüzündäki adamlaryň ösüşi babatda ýüzbe-ýüz gelýän meseleleri çözmäge gönükdirilen 17 sany biri-birine bagly bolan Durnukyly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin hereket edýär. Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekdi we Diýarymyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin özara strategiki gatnaşyga ýol açdy. Türkmenistan ýurdumyz eýýäm, BMG-niň mejlisleriniň jemi 6 sanysyna (58, 62, 64, 68, 71, 75) wise-başlyklyga saýlandy. 2020-nji ýylda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-njy mejlisine Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde milli Liderimiziň oýlanyşykly we parasatly teklipleri netijesinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar kabul edildi.

.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok