Sanly ykdysadyýet bilen batly gadam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin netijeli işler alnyp barylýar. «Sanly ykdysadyýet» adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.

Biziň häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşmegine mümkinçilik döredýär.Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini aýdyň şaýadydyr. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet – jemgyýet – ylym – işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir. Şunda döwlet tarapyndan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, häzirki zaman dolandyryş ulgamyny ösdürmek, ylmyň ösmegine döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler öz möhümligi bilen tapawutlanýar. Täze tehnologiýalary döretmekde, olary ornaşdyrmakda ylym pudagynyň esasy orun eýeleýändiginden ugur alsak, onda alymlarymyzyň, inženerlerimiziň we beýleki hünärmenlerimiziň öňünde jogapkärli, döwlet bähbitli wezipeleriň durandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ylmy elita gatlagynyň üçden iki böleginiň ýokary okuw mekdeplerinde jemlenmegi bolsa, bu işe ýokary bilim edaralarynyň professor-mugallymlarynyň çekilmegini hem şertlendirýär.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden tapawutlylykda dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanylyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

.

Sulgun NEPESOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok