Köýtendag – syrlar mekany

Gadymy döwürlerden bäri adamzat tebigaty öwrenip, onuň gözelliklerini jikme-jik beýan etmäge çalyşypdyr. Mysal üçin, biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda gadymy grek alymy Diodoryň „Taryhy kitaphana“ işinde Köýtendagyň gowaklary agzalyp geçilýär. XIX asyryň ahyrynda bolsa, Krymyň daglar klubynyň ýazgylarynda Ahal welaýatynda ýerleşýän ýerasty köl barada maglumatlar berilýär.“Tebigat ýadygärligi“ adalgasyny XIX asyrda nemes alymy Aleksandr fon Gumbolt girizipdir, şondan bäri gymmatly tebigy obýektleriň ählisi şeýle atlandyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä tanalmadyk tebigy ýadygärliklerimizi dünýä jar edip, syýahatçylygy ösdürmek üçin hem-de olary has giňeltmek üçin tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak, boýunça usulyýet gollanmalary işlenilip taýýarlanyldy. Birnäçe ýyl mundan ozal, çöller ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri ähmiýetli tebigy binalary öwrenmek boýunça, toplumlaýyn sapar amala aşyrdylar we olaryň ýüze golaýyny anyklandylar. Barlaglaryň materiallary esasynda tebigy ýadygärlikleriň taryhy we öwrenilişi barada kitapça çap edildi, ol gorag we ylmy-barlag çärelerini meýilleşdirmek üçin usulyýet gollanmasy boldy. Ýadygärlikleri öwrenmek dowam etdirildi. Tebigy gözel ýerleri ýüze çykarmak we tükellemek üçin az öwrenilen ýerlerde barlaglar geçirildi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň obýektleriniň sanawyna girizilmegine dalaşgär Köýtendagda geçirilen köp ýyllyk barlaglaryňda ähmiýeti uly oruna eýe boldy.

Güneşli diýarymyzyň Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän
Köýtendagy Özbegistanyň Surhanderýa welaýaty bilen serhet hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Bu dagda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan beýikligi 3139 metre barabar bolan Aýry-baba belentligi ýerleşýär, bu ýerde mundan başga-da geologik, ekologik, taryhy babatda özboluşly obýektler we landşaftlar bar. Olar Daraýdere, Bulakdere, Abydere, Hojogarawuldere ýaly derýa hanalary, Hojaşulluk, Gyzylbulak çeşmeleri, ýerden çogdurylyp çykýan Gowurdak skwažinasy, ep-esli ýaşan zerewşan arçalary ýaly ýerlerdir. Seýrek ýa-da diňe şu ýerde duşýanlygy sebäpli, käbir jandarlary hem tebigy ýadygärlikler hataryna goşsa bolar. Olar Doliniň tomzagy, Fedçenkonyň wyžžyldawuk tomzagy, bramin garasary, jennet uzynguýruk siňekçisi, alaja bars, geçigaplaň, burmaşahly umga ýaly jandarlardyr.

Köýtendag hakynda söz açylanda Gaýnarbaba kölüni aýratyn agzap geçmek has maksada laýykdyr. Bu köl örän jana şypaly köl bolup ähli deri kesellerini em hasaplanylýar, aşgazan-içege ýollaryndaky döreýän ýarawsyzlyklary, aşgazanda döreýän ýaralary aýyrmaga ukyply melhem suwly bu köl syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmän galmaýar, bu kölde dünýäde ýeketäk bolan kör balyk hem ýaşaýar bu balygyň adamlary özüne çekýän esasy tarapy adyndan belli bolşy ýaly onda gözüň ýoklugydyr. Bu balyk Türkmeistanyň gyzyl kitabyna girizilen dünýädäki iň seýrek duşýan balyk hasaplanylýar.

Syýahatçylyk barada söz açylanda dagdaky Kyrk gyz gowagyny, Arzy bilen Ýaňlynyň gonamçylygyny, Dinezaworyň yzlaryny we beýleki tebigy gözellikleri mysal getirmek bolar. Olaryň her biriniň üstünde aýratyn ýeneki sanlarymyzda duryp geçmegi makul bildik.

Köýtendagyň ýerli adamlary hem has myhman söýer, göwni açyk
adamlardyr. Köýtendag size hemişe gujak açýar!

Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok