SANLY YKDYSADYÝET: ÖSÜŞIŇ WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ ÖZENIDIR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilme   ini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Ýakyn döwürde milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan bu ugur barada daşary ýurtlarda toplanan tejribäni öwrenmek, onuň bähbitli taraplaryna göz ýetirmek möhüm bolup durýar.                                          

Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykýandygyny görkezýär. ”Sanly” sözi bolsa ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň agramly bölegi internet ulgamyndan giňden peýdalanýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň geljekki birnäçe ýylyň dowamynda işjeň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ugurda ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girmegini üpjün etjek ýollaryň we ony amala aşyrmagyň mehanizminiň dogry kesgitlenmegi şeýle maksatnamanyň netijeli durmuşa geçiriljekdiginiň we sanly gurşawyň kemala getiriljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň ýurdumyzyň we halkymyzyň ýagty geljegi üçin amala aşyrylýandygyna doly güwä geçýär.

.

Begendik Döwletýarow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok