Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni

Bütindünýä göçýän guşlar güni ýa-da Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni, adamlaryň göçüp barýan guşlar, olaryň ýaşaýan ýerleri we ýollary baradaky bilimlerini artdyrmak maksadynda döredilendir. Ol dünýä derejesine ýetdi we göçüp barýan guşlaryň abanýan howplary, ekologiki ähmiýeti we olary goramak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurlygy barada dünýä ilatynyň arasynda habardarlygy ýokarlandyrmaga kömek edýän täsirli guraldyr.

Ilkibaşda bu halkara senesi maý aýynda bellenilipdi. 2018-nji ýyldan bäri ýylda iki gezek – maý aýynyň ikinji şenbesinde we oktýabr aýynda geçirilýär. Bu gün 1906-njy ýylda gol çekilen Guşlary goramak boýunça
halkara konwensiýa esasynda döredildi. 1927-nji ýylda bu konwensiýa
Russiýa hem goşuldy.

Bütindünýä göçüp barýan guşlar güni, göçüp barýan guşlaryň görnüşleri baradaky Konwensiýanyň (KMB) we göçüp barýan guşlar baradaky Afrika-Aziýa şertnamasynyň (AEWA) howandarlygynda geçirilýär. Bu halkara şertnamalaryň ikisi hem Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) bir bölegidir.

Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady, göçüp barýan guşlaryň diapazonynyň (gyş we tomus) ekosistemalaryny weýran edýän global daşky gurşaw üýtgemelerine, şeýle hem göçüp barýan guşlaryň görnüşlerine köpelmek, uçmak we tebigy şertleriň gaýdyp gelmegi bilen jemgyýetiň ünsüni çekmekdir. Günüň köp sanly köpçülikleýin çäreleri, olaryň arasynda iň ýaýranlary – guş festiwallary, bilim we habarlylyk programmalary, hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky guşlara syn etmek, gezelençler dünýäde göçüp barýan guşlaryň ýaşaýan ýerlerini gorap saklamaga çagyrýar.

Guş elementleri bilen taňrylary şekillendirýän Müsür mifologiýasy, Peruda tapylan Nazka ýadygärlikleri göçüp barýan guşlaryň gadymy siwilizasiýalara güýçli täsirini tassyklaýar. Häzirki wagtda eklenç üçin guşlara garaşly jemgyýetler hem bar.

Guşlaryň göçmegi, hadysa hökmünde biodürlüligiň, ekosistemanyň saglygynyň we howanyň üýtgemeginiň esasy görkezijisidir. Sebäbi, göçüp barýan guşlaryň işjeňligi netijesinde tutuş ekosistemanyň deňagramlylygy saklanýar – mysal üçin käbir ösümlikler şeýle guşlar bilen tozanlanýardyr.

Astanow Murat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok