2021-nji ýylyň dokuz aýynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy

Ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat geçirildi. Şeýle hem döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alyndy.

Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2%, çykdajy bölegi bolsa 98,1% ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 49,2%-niň önümçilik toplumlarynyň, 50,8%-niň bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň bina edilmegine gönükdirildi.

Şeýle hem milli maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlaryň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi.

Türkmenistanda geçen dokuz aýda eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20%-e golaý artdy we 6 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda eksportyň möçberi takmynan 50%-e ýokarlandy. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan döwri innowasiýalary ornaşdyrmak we olary uzak geljekde hem ýörelge edinmek, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady özgertmeleriniň esasy bolup durýar.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna esaslanýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk  hojalygynyň  pudaklaryna döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär.

Myrat KAKALYÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok