Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli, telefon, IP-TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi. 2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara hem-de bilimi bolmadyk, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslara, hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, şeýle hem olaryň işe girizilmegini we yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary we öndürýän önümleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdiriler hem-de yzygiderli täzelenip durlar. Saýtyň ýygy-ýygydan täzelenip durulmagy bolsa onuň hil taýdan ösüşiniň kepilidir, sebäbi ol peýdalanyjylar üçin bähbitli maglumatlaryň yzygiderli akymynyň döredilmeginiň hasabyna elektron neşiriň meşhurlygyny üpjün edýär.
Web-saýtlary döretmek we elektron resminama dolanyşygyny girizmek boýunça işleri ýerine ýetirmäge zerur bolan halatynda ýurdumyzyň edaralary, bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçiler çekilip bilner. Amala aşyrylýan çäreler IT-hünärmenleriniň hem-de maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň milli mekdebiniň döredilmegine we şolara goldaw berilmegine gönükdirilendir.
Sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara ýokary okuw mekdepleri, ýagny Russiýa Federasiýasynyň Innopolis unuwersiteti, Rumyniýa döwletiniň Cluj-Napoca Tehniki Uniwersiteti we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen ylmy-tejribe işleri geçirmek boýunça webinar maslahatlary geçirildi. Ol maslahatda “Telekommunikasiýada kiberhowpsuzlyk”, “Telekommunikasiýa sferasynda täze tehnologiýalar” we “Aragatnaşyk operatorlaryň ulanyjylara berýän hyzmatlary we olary giňeltmek arkaly girdejini artdyrmak” bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Esasan hem aragatnaşyk ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrylmagy arkaly häzirki zaman Call-merkezleriň hyzmatlaryny artdyrmak döwrüň talabyna laýyk gelýän çözgütdigi nygtalyp geçildi.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda gurnalan Call-merkeziniň hyzmatlarynyň sanyna täze hyzmatlary teklip etmek, ýagny:
- Wirtual ofis;
- Wirtual kömekçi;
- Wirtual belgi berkitmek;
- Gutlaglar hyzmaty;
- Tagam taýýarlamak tärleri;
- Çagalara agşamky erteki.
hyzmatlary arkaly pudagyň girdejisi ýokarlanar, ol bolsa öz gezeginde, birnäçe durmuş-ykdysady netijeleriň gazanylmagyna getirer:
- Aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanylýanlaryň sanynyň artmagyna getirer;
- Täze hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer;
- Tehniki hyzmaty gurnamak üçin talap edilýän çykdajylaryň mukdaryny azaldar;
- Ulanyjylaryň döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini artdyrar;
- Ulgamlarda ýüze çykýan näsazlyklary gysga wagtyň dowamynda düzetmäge mümkinçilik dörär;
- Call-merkezleriniň döredilmegi we hyzmatlarynyň köpelmegi bilen täze iş orunlarynyň döremegine getirer.
Ulgamlaýyn düzüme birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi.
Türkmenistan döwletimiziň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!
Wepa Guýjow, Aýna Niýazgulyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymlary
Teswirler