Türkmenistanda gysga taryhy döwrüň içinde durmuş-ykdysady, medeni, bilim, ylym pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Şol ägirt işleriň arasynda şekillendiriş sungatynda uly üstünlikli sepgitlere ýetendigini bellemek bolar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllaryndan başlap, medeni durmuşymyzda ruhy özgerişler bolup geçýär. Şu jähtden hem türkmen halkynyň ata – babalarynyň «Daragta jan berýän onuň kökleridir» diýen gadymy halk nakyly özüniň asyl manysyna eýe bolýar hem-de taryhyňy, nesilden-nesle geçip gelýän däp – dessurlaryňy bilmezden ösüşi dowam etmek mümkin däldigine göz ýetirilýär. Halkyň islegi bolan bu tekrarlama taryhyň çylşyrymly öwrümlerine garamazdan şekillendiriş sungatynda özüniň anyk ornuny tapýar. Sungaty söýýän we ony sarpalaýan halkymyz, şeýle hem tanymal döredijilik wekillerimiz baý mirasymyzy, sungatymyzy täze döwrüň ruhuna görä ösdürip, ony özboluşly kämilleşdirýärler. Şu esasda hem Garaşsyz watanymyzyň nakgaşçylyk sungatynda taryhy eserleriň ençemesi döreýär.
Nakgaşçylyk sungatynda Garaşsyzlyk we Bitaraplyk temasy uly jemgyýetçilik äheňine eýe bolýar we milli sungatyň öňünde gadymy çeperçilik däplerini täzeden dikeltmek, olara döredijilikli çemeleşmek, hakykaty çuňňur derňemek, şeýle-de döwrebap hakyky keşpleri döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Elbetde, munuň özi bu işe çemeleşmegiň derejesiniň ýokary hilini talap edýär. Şol sebäpli hem türkmen suratkeşleri taryhy keşpleri suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze usullarynyň işjeň gözleglerini alyp barýarlar .
Biz taryhyň sahypalaryndan halkymyzyň geçmişinde buýsançly taryhynyň bolandygyny anyk bilýäris. Emma aýry-aýry sebäpleriň ara düşmegi bilen baglanşyklykda il-halkymyzyň buýsanja beslenen mirasy, şöhratly wakalary, şonuň bilen birlikde meşhur hökümdar serkerdeleri, han-begleri, görnükli şahsyýetleri baradaky maglumatlar, bolşy ýaly dogruçyllykly yzygiderlilikde halkymyzyň aňyna siňdirilmedi. Şu aýdylanlardan mälim bolşy ýaly, milletimiziň aslyny tanamak, taryhyna göz aýlap uly yz galdyran gerçek ogullarynyň halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary barada bilmek we olaryň keşplerini şekillendirip, giň halk köpçüligine ýetirmek ruhy taýdan galkyndyrylmagyň gaýragoýulmasyz möhüm çözgütleriniň birine öwrülýär. Taryhy keşpleriň birnäçesi nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk sungatynda dikeldilýär.
Suratkeşler Ýakup Annanurow, Çary we Aman Amangeldiýewler, Ýarly Baýramow, Kakajan Oraznepesow, Babageldi Owganow, Allamyrat Muhammedow, Rejepberdi Berdiýew, Kakabaý Gullyýew, Işanguly Işangulyýew dagylar bu ugurda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Belli taryhy şahsyýetlerimiziň keşpleri suratkeş Aman Amangeldiýewiň döredijiliginde belli orun tapýar. Ol özüniň döredijilik ýolunda hemişe gözlegde bolup, türkmen halkynyň geçmiş taryhyna hormat goýan suratkeşdir. Ol seljuk soltanlary “Mälik şa” we “Soltan Sanjar” (1980), “Massaget şa gyzy galkanly-ýaragly” (1983), “Hoja Ahmet Ýasawy” (1992), “Magtymguly han” (2000), “Gökdepe goraýjysy Dykma serdar” (2000) ýaly birnäçe taryhy portret eserlerini döretdi. A. Amangeldiýew şol şahsyýetleriň anyk keşplerini takyk suratlandyrmasa-da, olaryň umumy belent gahrymançylykly keşplerini göz öňümizde janlandyrmagy başardy. Olaryň arasynda “Gökdepe goraýjysy Dykma serdar” atly taryhy portret eseri örän täsirlidir. Dykma serdar halkymyzyň taryhynda örän gowgaly bolup geçen Gökdepe söweşinde batyr we gahrymançylykly çykyş eden gerçekleriň biridir. Şeýle hem ol Türkmenistan Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp alnan döwründe-de türkmen halkynyň durmuşynda esasy orny eýelän belli hanlaryň biri bolupdyr [2, s, 33.]. Eserde Dykma serdaryň çalaran sakal-murty, dogumly hereketleri, onuň keşbiniň orta ýaşlaryndaky durkyny açyp görkezýär. Suratkeş onuň egnindäki donyny goýy gyrmyzy reňkde çekýär. Bu bolsa onuň keşbiniň edenli hereketleriniň aýdyňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Nakgaşçy hem-de grafikaçy suratkeş Çary Amangeldiýew öz döredijiligindegeň we dürli häsiýetli keşpleriň ençemesini döreden ussat hökmünde bellidir. Ol öz döredijiliginde edebi mirasymysyzy we beýik şahsyýetlerimiziň keşplerini beýan etmekde birnäçe işleri bitirýär. “Baýram han” (1991), “Gorkut ata” (2010), “Tomiris” (2013), “Rodoguna” (2014) ýaly eserlerinde berklige we dabaralylyga üns berýär. Onuň “Parfiýa döwletini esaslandyran Ärsak şa” (2001) atly eseri her bir tomaşaçyda täsir galdyrýar. Eserde Ärsagyň belent hem-de dabaraly pursatdaky keşbini açylyp görkezilýär. Nusaý galasynda bolan ägirt Tegelek binada bolup geçen şowhunly dabarada mähelläniň öňünde Ärsak şa, çep elinde şirmaýy süňkünden ýasalan ritony ýokary göterip dur. Eser altynsow sary, gyzylymtyl goňur reňkleriň utgaşykly akymynda, sazlaşykly tegmilleriň üsti bilen beýik döwletiň düýbüni tutan şahsyýetiň kümüş teňňelerde zikgelenen keşbi suratkeş tarapyndan tomaşaça ussatlyk bilen ýetirilýär.
Ussat suratkeşleriň biri Allamyrat Muhammedow hem öz döredijiliginde taryhy şahsyýetleriň keşplerini ynandyryjy we adaty bolmadyk häsiýetde suratlandyrýar. Ol Bitarap watanymyzyň nakgaşçylyk sungatynyň taryhynda özboluşly eserleri döredip, şu günüň suratkeşi hökmünde dürli ugurlary we güýçli akym usullaryny ezberlik bilen peýdalanmagy başarýan suratkeşleriň biridir. Onuň soňky ýyllarda döreden nakgaşçylyk işleriniň içinde taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň we hökümdarlaryň portretleri, türkmeniň gahrymançylykly geçmişine bagyşlanan taryhy eserleri has agdyklyk edýär. Onuň portret eserlerinde dürli döwürlerde ýaşan anyk şahsyýetleriň, döwlet işgärleriniň, şahyrlaryň, akyldarlaryň ýüz-keşbinden, häsiýet aýratynlygyndan toplanan döredijilik keşpleri görmek bolýar. Onuň ilkinji jogapkärli we şowly çykan eserleriniň biri hem, XVII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň (1990) keşp portretidir. Bu eser suratkeşiň janypkeşlik bilen işlän taryhy keşpleriniň biridir. Andalybyň portretiniň yzy bilen ussadyň döredijilignde, portretçi suratkeşiň kemala gelendigini habar berýän ençeme eserler döreýär. Olardan “Muhammet Musa al-Horezmi” (1993), “Dawut Çagry beg” (2005), “Muhammet Togrul beg” (2005), “Keýmir Kör Serdar” (2005), “Annagurban Ata işan”(1991), “Al-Faraby”, “Amangeldi Gönübeg” (2014), “Nurberdi han” (2014), “Alp Arslan” (2002), “Abusagyt Abulhaýyr” (Mäne baba, 2016) ýaly nakgaş eserleri hem şu günki milli medeni galkynyşyň akabasynda çekilen taryhy portret eserleridir. Bu eserler töwerekleýin gerime, has dogrusy, epiki häsiýete eýe bolmak bilen, türkmeniň milli taryhynyň şöhratly wakalaryny hem-de sahypalaryny gaýtadan janlandyrýar.
Suratkeşiň şeýle eserleriniň biri hem “Alp Arslan” (2002)atly portret eseridir. Portretde türkmen seljuk şasy Muhammet Alp Arslanyň atyň üstünde oturan keşbi dabaraly suratlandyrylýar. Ol geçmişimizde uly yz goýan Seljuklar döwletiniň meşhur hökümdary Çagryl begiň ilkinji perzendidir. Alp Arslan onuň lakamy bolup, “belent”, “rüstem”, “arslany ýeňen” diýen manyny aňladypdyr [3, s,78.]. Alp Arslan ýaşlygyndan çapyp barýan atyň üstünde gylyç çalmany, ezber naýza urmany, gaty ýaýda peýkam çekmegi we gyňyr bedewlere erk etmegi ökdelik bilen başaran serkerdeleriň biri bolupdyr. Onuň şu häsiýetlere mahsus bolan “gözsüz batyrlygyny” we edermenligini suratkeş ýiti bakyşly keşbinde örän erjellik bilen görkezýär. Serkerde kişňäp öňki aýaklaryny öňe galdyryp duran dor gara atyň üstünde, giň ýapynjaly, harby enjamlara ykjam beslenen, uly ýörüşiň öň ýanyndaky pursatda suratlandyrýar. Eseriň ikinji meýilnamasynda görkezilen atlylaryň hatary we giň asman giňişligi hem muňa doly güwä geçýär.
Suratkeş Rejepberdi Berdiýewiň “Jelaleddin Meňburun” (2004) atly portret eseri örän şowly çekilen taryhy portretleriň biri hasap etmek bolar. Köneürgenç türkmenleriniň beýik serkerdesi bolan Jelaleddin Meňburny taryhda mongol serkerdebaşysy Çingiz hanyň leşgerleri bilen bolan söweşde ýokary harby ezberligi bilen gahrymançylyk görkezen beýik gerçekleriň biridir. Nakgaşçy R. Berdiýew bu portret eserinde onuň pälwan sypat keşbini söweş lybasynda gapdallygyna oturan görnüşinde şekillendirýär. Jelaleddin beýik dag depesiniň üstünde nazaryny uzaklara dikip, bir elini dyzynyň üstüne goýup, beýlekisini bolsa dag daşlaryna diräp oturan pursaty görkezilýär. Onuň berdaşly göwresini dik tutup oturan keşbinde, ata watana, il-halkyna bolan belent söýgisi, örän paýhaslylyk, berk ynamlylyk hem-de namysjaň häsiýeti aýdyň görkezilip, janlylygy bilen özüne çekýär. Garamtyl sary, goýy gök öwüsýän bulutlar ikinji meýilnamasynda görkezilýär. Bu bolsa suratkeşiň pelsepewi pikiriniň esasynda dörän çeper çözgüt bolup, beýik serkerdäniň keşbiniň üstünlikli suratlandyrylmagyna itergi bolýar.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Garaşsyz Bitarap watanymyzyň nakgaşçylyk sungatynyn taryhynda taryhy portret eserleri uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleriniň keşbi ylmy çeşmelere we maglumatlara daýanylyp, şekillendiriş sungatynda özüniň ynandyryjy beýanyny tapýar. Bu bolsa türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň çuňňur baýdyny hem-de buýsançlydygyny aňladýar. Şeýle hem şahsyýetlerimiziň öz halkynyň agzybirligi, abadançylygy ugrunda bitiren işlerini, görkezen gahrymançylyklaryny paýhasly görkezmeklikde nakgaşçy suratkeşleriň taryhy portret žanrynyň taryhynda bitiren örän uly hyzmatlaryny hem aýdyň şöhlelendirýär. Çünki bu eserleriň gymmaty örän ýokarydyr we olar geljekki ýaş nesillerimize hemişelik nusgalyk eserler bolup, beýik ata-babalarymyzyň, milletimiziň şöhratly geçmişine bolan uly buýsanjyny döreder.
.
Göwher Saparmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik
Akademiýasynyň “Amaly haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
.
Peýdalanylan edebiýatlar
1. Beýik Galkynyş eýýamynyň batly gadamlary. Aşgabat. Ylym. 2010, 7 kitap.
2.Türkmen hanlary we serdarlary.TYA-nyň habarçy agzasy N. W. Atamämmedowyň redaksiýasy bilen. Aşgabat 1992.
3. A. Gubaýew, G. Rahmanow. Türkmenistanyň taryhy., Aşgabat 1996.
Teswirler